X sosial ulgamynyň işinde dünýä derejesinde bökdençlik bolup geçdi

  • 25.05.2025 10:20
  • 2.3k+

X (ozal Twitter) sosial ulgamyny ulanyjylar platformanyň işleýşinde näsazlygyň bolmagyndan zeýrenýär. Muny onlaýn hyzmatlaryň işindäki bökdençliklere gözegçilik edýän Downdetector hyzmatynyň maglumatlary delillendirýär.

Şikaýatlaryň köpüsi ykjam goşundynyň işleýşi bilen baglanyşykly. Käbir ulanyjylar saýty ulanmakda hem meseleleriň bardygyny habar berdi. Lentany gaýtadan ýüklemäge synanyşyk edilende saýtda şeýle habar peýda bolýar: “Kemçilik ýüze çykdy. Sahypany täzeden ýüklemäge synanyşyň”.
Bökdençlik dünýäniň köp sebitlerinde hasaba alyndy. Şikaýatlar ABŞ-dan, Kanadadan, Fransiýadan, Ýewropa ýurtlaryndan, Ukrainadan, Russiýadan, Türkiýeden we Ýaponiýadan gelip gowuşýar.
Ýüz tutmalaryň iň ýokary derejesi dünýä wagty boýunça (UTC) irden boldy, ýöne meseleler häzir hem saklanýar.
Sosial ulgamyň resmi wekilleri bu waka barada heniz teswir bermedi. Bökdençligiň sebäbi hem nämälim bolup galýar.


26.05.2026 15:58
2.1k+

Ýewropada TikTok we X bilen bäsleşjek botsuz we galp hasapsyz täze sosial ulgamlar işe girizilýär

Ýewropada täze sosial ulgamlar peýda bolup, özlerini TikTok-a, X-e we Instagram-a alternatiwa hökmünde görkezýärler. Taslamalary işläp düzüjiler maglumatlary goramaga, botlara garşy göreşmäge hem-de amerikan......

05.03.2026 23:37
2.3k+

Ilon Maskyň emeli aň guraly indi wideolary 30 sekunda çenli uzaldyp bilýär

Ilon Mask wideolary döretmek mümkinçiliklerini has-da giňeldýän "Grok Imagine" hyzmatynyň täzelenmesini tassyklady. Ol X platformasyndaky @XFreeze ulanyjysynyň "Frame Extend" funksiýasyna bagyşlanan habaryny paýlaşmak arkaly bu täzeligi tassyklady...

04.03.2026 16:52
2k+

X-de ulanyjy işjeňliginiň rekordy hasaba alyndy: 2-nji martda ol iň ýokary derejesine ýetdi

X sosial ulgamy (öňki Twitter) ulanyjylaryň gündelik işjeňligi boýunça täze rekord goýdy. 2026-njy ýylyň 2-nji martynda bu hyzmat özüniň bütin taryhyndaky iň ýokary işjeňlik derejesini görkezdi. Mundan öň, 1-nji martda, hyzmatyň ýolbaşçylarynyň biri Nikita Bir (Nikita Bier): «Şu gün — taryhdaky iň uly gün» diýip mälim etdi...

03.03.2026 23:28
7k+

2026-njy ýylda dünýäde iň köp girilen 20 saýt

2026-njy ýylda global internet trafikiniň esasy bölegi henizem az sanly iri platformalarda jemlenmeginde galýar. Olar ulanyjylaryň nähili maglumat gözleýşini, wideolary görşüni, aragatnaşyk saklaýşyny we internetde söwda edişini kesgitleýär...