Toyota Land Cruiser 300 we Lexus LX üçin sargytlary kabul etmegi togtatdy

  • 06.07.2022 07:09
  • 28k+

Toyota kompaniýasy Land Cruiser 300, şeýle hem Lexus LX we NX üçin sargytlary kabul etmegini togtatdy. Bu barada konserniň resmi beýannamasyna salgylanýan Ýaponiýanyň Car-moby neşiri habar berýär. Bu ulaglara dünýä boýunça sargytlaryň sanynyň köpdügi sebäpli şeýle karara gelindi. Kompaniýada awtoulag edinmek isleýänleriň sanynyň Toyotanyň zawodlarynyň önümçilik kuwwatyndan ep-esli agdyk gelýändigini boýun alýarlar.

Bu çäklendirmäniň näçe wagt dowam etjegi heniz mälim däl. Öň Toyota kompaniýasy müşderileriň Land Cruiser wnedorožniginiň täze nesline (indeksi 300) garaşmaly möhleti dört ýyla çekip biler diýip resmi taýdan tassyklady. Lexus LX-e hem şonçarak garaşmaly bolar. 300 indeksini alan Toýota Land Cruiser wnedorožniginiň täze nesliniň V6 3,5-lik benzin motory, kuwwaty 415 a.g. deň bolan iki sany turbinasy, şeýle hem 299-güýçli 3,3-litrlik turbodizeli bar. Iki hereketlendirijisi hem on basgançakly awtomat korobka we doly herekete getiriş ulgamy bilen hereket edýär.


29.05.2026 16:35
6.4k+

Toyota ilkinji gezek Ýaponiýada satjak ulaglaryny başga ýurtda öndürip başlar

«Toyota» kompaniýasy ilkinji gezek ýapon bazary üçin esasy modelleriniň önümçiligini ýurduň çäginden daşarda guramakçy: «Noah» we «Voxy» kysymly awtoulaglaryň önümçiligi Taýwanda başlanar, olary Ýaponiýa......

23.05.2026 08:13
4k+

Toyota hereketlendirijilerdäki meseleler sebäpli V6-ly ulaglaryny ýene-de yzyna çagyrýar

Toyota kompaniýasy ABŞ-da 3,5 litrlik V6 hereketlendirijileriniň döwülmek howpy sebäpli 44 müň töweregi Toyota Tundra pikapyny yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

22.05.2026 14:47
6.6k+

Iň kiçi Toyota Land Cruiser FJ ýolsuz ýerde ýöreýän ulagy ýapon bazaryna çykdy

Toyota kompaniýasy Ýaponiýanyň bazarynda täze Land Cruiser FJ ramaly wnedorožniginiň satuwa çykarylandygyny resmi taýdan yglan etdi. Model ýeke-täk VX komplektasiýasynda hödürlenip, bahasy 4,5 million ýena......

18.05.2026 06:21
5.9k+

Toyota RAV4-i pikapa öwürmek isleýär

Toyota kompaniýasy häzirki nesil RAV4 krossoweriniň platformasynda täze ýeňil pikap işläp düzmegiň we çykarmagyň mümkinçiliklerini öwrenýär. Bu barada ýapon konserniniň Demirgazyk Amerika bölüminiň ýolbaşçysy......