Kristof Galtýe «PSŽ-niň» baş tälimçisi boldy

  • 06.07.2022 00:22
  • 15k+

Fransiýaly hünärmen Kristof Galtýe «Pari Sen-Žermen» futbol klubunyň baş tälimçisi boldy. Bu barada toparyň metbugat gullugy habar berdi diýip, TASS belleýär.

Hünärmeniň klub bilen şertnamasy 2024-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli niýetlenýär. 
Sişenbe güni “PSŽ-niň” metbugat gullugy 2021-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri topara ýolbaşçylyk eden argentinaly Maurisio Poçettinonyň toparyň baş tälimçisi wezipesinden gidendigini mälim etdi. Onuň ýolbaşçylygynda “PSŽ” Fransiýanyň çempiony boldy, ýurduň Kubogyny we Super kubogyny gazandy.
Galtýe 55 ýaşynda. 2021/22-möwsüminde ol Fransiýanyň “Nissa” klubuna ýolbaşçylyk etdi. Onuň ýolbaşçylygynda topar milli birinjiligiň turnir jedwelinde bäşinji orny eýeledi we Fransiýanyň Kubogynyň finalyna çykdy, finalda ol “Nantdan” utuldy. Fransiýanyň çempionatynyň ýeňijisi “PSŽ” boldy. Galtýe “Lill” toparynyň hem tälimçisi bolupdy. Onuň bilen 2020/21-möwsüminde Fransiýanyň çempionatynda ýeňiş gazandy. Şeýle-de, ol “Sent-Etýene” ýolbaşçylyk edip, onuň bilen Fransuz ligasynyň kubogynyň ýeňijisi boldy (2012/13). 


şu gün 13:41
4.7k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

şu gün 12:43
4.2k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

düýn 13:51
9.6k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......