DIM: Türkmenistan Özbegistandaky wakalar bilen bagly goldawyny bermäge taýýar

  • 05.07.2022 16:12
  • 50k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi soňky günlerde Özbegistan Respublikasynyň Garagalpagystan Respublikasynda bolup geçýän wakalara alada bilen seredýändigi barada habar berdi.

«Türkmen tarapy Özbegistan Respublikasynyň ýolbaşçylygynyň ýurtdaky konstitusion tertibiniň we kanunyň goralmagy, şeýle hem ýaşaýjylaryň howpsuzlygyny we asudalygyny goramak üçin öz wagtynda we aýgytly hereketlerini goldaýar.
Halkyň köpasyrlyk paýhasy, tejribesi we öňdengörüjiligi ýaly  häsiýetleri ýüze çykýan ähli meseleleri we kynçylyklary ýeňip geçjekdigine, şeýle hem Özbegistan Respublikasynyň döwlet we jemgyýet institutlarynyň durnukly ösüşini üpjün etjekdigine berk ynanýarys.
Türkmenistan Özbegistanyň ýakyn goňşusy hökmünde, bu ýurt bilen doganlyk, dostluk we ýakyn  hyzmatdaşlyk gatnaşyklary bilen baglanandygy üçin, zerur bolan goldawy we ýardamy bermäge özüniň taýýardygyny mälim edýär» - diýip, Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy belleýär.

Özbegistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleriň taslamasy zerarly 1-nji iýulda Garagalpagystanyň paýtagtynda dawalar başlandy. Konstitusiýadaky göz öňünde tutulýan üýtgetmeleriň biri hem Esasy Kanundan Garagalpagystanyň özbaşdaklygy hakynda Düzgünnamany we onuň halkynyň ählihalk sala salşygyny geçirmek netijesinde ýurtdan bölünip aýrylmaga hukugyny aýyrmaklygy göz öňünde tutýardy.
Dawalar başlanandan soň, Özbegistanyň Prezidenti Nukus şäherine geldi we bu ýerde Respublikanyň awtonomlygyna dahylly ýurduň Konstitusiýasynyň üýtgedilmejekdigini aýtdy.
Dawalar netijesinde, azyndan, 18 adam aradan çykdy, 243-si ýaralandy diýip, Özbegistanyň Baş prokuraturasynyň wekili Abror Mamatow habar berdi.


düýn 10:26
826

Türkmenistan we «BMG-Syýahatçylyk» hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

15-nji aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen «BMG – Syýahatçylyk» guramasynyň Ýewropa boýunça sebit direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Kordula......

15.04.2026 11:38
1.1k+

Raşid Meredow Italiýanyň täze bellenen ilçisi bilen duşuşdy

14-nji aprelde daşary işler ministri Raşid Meredow Italiýanyň Türkmenistandaky täze bellenen ilçisi Martin Brugy kabul etdi. Diplomat özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy....

11.04.2026 23:42
1.3k+

Türkmenistan wideoaragatnaşyk arkaly ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

10-njy aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen ÝUNESKO-nyň Almatydaky Sebitleýin edarasynyň direktory Amir Piriçiň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Bu......

10.04.2026 16:43
2.7k+

Türkmenistan we Koreýa Respublikasy raýatlaryň özara syýahatlaryny ýönekeýleşdirmek meselelerini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Seul şäherinde migrasiýa we konsullyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk meselelerine bagyşlanan birnäçe duşuşyklary geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň......