Habib resmi taýdan UFC-niň Şöhrat zalyna girdi

  • 03.07.2022 11:02
  • 30k+

Garyşyk stiliň (MMA) russiýaly söweşijisi Habib Nurmagomedow Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) Şöhrat zalyna girizildi. Bu barada guramanyň sosial ulgamlarynda habar berilýär diýip, gazeta.ru belleýär.

Dabara 1-nji iýula geçilýän gije ABŞ-nyň Las-Wegas şäherinde boldy. Çäräniň dowamynda Nurmagomedowa baýrak hem-de UFC-niň Şöhrat zalynyň agzasynyň ýörite penjegi gowşuryldy. Şeýle-de, gazanan sport üstünlikleri üçin Şöhrat zalyna UFC-niň eks-çempiony Daniel Kormýe hem goşuldy.
Habib MMA-da 29 söweşe gatnaşyp, olaryň her birinde ýeňiş gazandy. Soňky gezek 2020-nji ýylyň güýzünde amerikaly Jastin Getjä garşy söweşip, ondan üstün çykdy. Ol söweşden soň professional karýerasyny tamamlaýandygyny aýdyp, ejesine kakasyz söweşmejekdigine wada berendigini düşündirdi.
Habibiň kakasy we tälimçisi Abdulmanap Nurmagomedow koronawirus ýokanjynyň esasynda ýüze çykan kynçylyklar sebäpli 2020-nji ýylyň tomsunda aradan çykdy. 
Nurmagomedow karýerasyny tamamlandan soň Eagle FC promouşenini esaslandyrdy. EFC ilkinji çäresini 2022-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda ABŞ-da geçirdi. Häzire çenli Habibiň ligasy 46 ýaryş geçirdi. 


şu gün 18:10
789

Aljameýn Sterling Ýussef Zalaldan üstün çykdy: UFC Fight Night 274 ýaryşynyň netijeleri

26-njy aprelde Las-Wegasda (Newada ştaty, ABŞ) «UFC Fight Night 274» ýaryşy tamamlandy. Agşamyň esasy tutluşygynda UFC-niň iň ýeňil agramyndaky öňki çempiony, amerikaly Aljameýn Sterling ýarym ýeňil agramyň......

23.04.2026 16:15
9.4k+

UFC-niň çempiony Çimaýew resmi taýdan RAF erkin göreş ligasynyň pälwany boldy

Real American Freestyle (RAF) erkin göreş promouşeniniň metbugat gullugy UFC-niň orta agramda häzirki çempiony, 31 ýaşly Hamzat Çimaýew bilen şertnama baglaşylandygyny resmi taýdan yglan etdi. Bu täzelik......

17.04.2026 09:31
23k+

«Söweş – meniň ömrüm!» Döwletjan PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedrodan rüstem geldi

Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow Demirgazyk Irlandiýanyň paýtagtynda şu gün irden geçirilen PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedrony ýeňmegi başardy....

15.04.2026 19:50
22k+

Döwletjan oktagona dolanýar: Ýagşymyradow bilen Taýsonyň güýji deň gelermi

16-njy aprelde (Aşgabat wagty bilen 17-nji aprel) Belfastyň (Demirgazyk Irlandiýa) «SSE Arenasynda» türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradowyň urşy bolar. Bu gezek PFL oktagonynda oňa awstraliýaly Taýson Pedro......