Habib resmi taýdan UFC-niň Şöhrat zalyna girdi

  • 03.07.2022 11:02
  • 30k+

Garyşyk stiliň (MMA) russiýaly söweşijisi Habib Nurmagomedow Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) Şöhrat zalyna girizildi. Bu barada guramanyň sosial ulgamlarynda habar berilýär diýip, gazeta.ru belleýär.

Dabara 1-nji iýula geçilýän gije ABŞ-nyň Las-Wegas şäherinde boldy. Çäräniň dowamynda Nurmagomedowa baýrak hem-de UFC-niň Şöhrat zalynyň agzasynyň ýörite penjegi gowşuryldy. Şeýle-de, gazanan sport üstünlikleri üçin Şöhrat zalyna UFC-niň eks-çempiony Daniel Kormýe hem goşuldy.
Habib MMA-da 29 söweşe gatnaşyp, olaryň her birinde ýeňiş gazandy. Soňky gezek 2020-nji ýylyň güýzünde amerikaly Jastin Getjä garşy söweşip, ondan üstün çykdy. Ol söweşden soň professional karýerasyny tamamlaýandygyny aýdyp, ejesine kakasyz söweşmejekdigine wada berendigini düşündirdi.
Habibiň kakasy we tälimçisi Abdulmanap Nurmagomedow koronawirus ýokanjynyň esasynda ýüze çykan kynçylyklar sebäpli 2020-nji ýylyň tomsunda aradan çykdy. 
Nurmagomedow karýerasyny tamamlandan soň Eagle FC promouşenini esaslandyrdy. EFC ilkinji çäresini 2022-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda ABŞ-da geçirdi. Häzire çenli Habibiň ligasy 46 ýaryş geçirdi. 


düýn 18:18
2.6k+

UFC Drikus dýu Plessi bilen Kamaru Usmanyň duşuşygyny yglan etdi

UFC-niň orta agram derejesindäki öňki çempiony Drikus dýu Plessi guramanyň ýarym orta agram derejesindäki öňki çempiony Kamaru Usman bilen urşar. Promouşeniň habar bermegine görä, bu tutluşyk 19-njy iýulda......

22.06.2026 14:40
4.4k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
9k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......

17.06.2026 17:46
14k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL NY ýaryşynda Simeon Pawelle garşy urşar

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň indiki duşuşygyny 31-nji iýulda Nýu-Ýorkda PFL NY ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda PFL reýtinginiň......