Coca-Cola alyjylary ýalňyşdyrmakda aýyplandy

  • 03.07.2022 10:58
  • 42k+

Bazaryň üýtgeýşini seljerýän The Changing Markets Foundation gaznasy Coca-Cola we Procter & Gamble ýaly uly kompaniýalary gaplamalaryň kömegi bilen alyjylary ýalňyşdyrmakda günäkärledi. Ýagny, brendler planetanyň hapalanmagyna garşy göreşýändiklerini aýtsalar-da, hakykatda bu beýle däl diýip, “The Guardian” habar berýär. Muny lenta.ru ýetirýär.

Derňewçiler käbir kompaniýalaryň ummana taşlanan plastikleri gaýtadan işlemek baradaky aýdanlaryny grinwoşing – marketing maksatly tebigat barada ýalan alada diýip hasapladylar. Mysal üçin, Coca-Cola çüýşeleriniň 25%-iniň “deňiz” plastiginden taýýarlanandygyny nygtaýar, şol bir wagtyň özünde kompaniýa daşky gurşawy iň uly hapalaýjylaryň biri hasaplanýar.
Ýene bir mysal önümler üçin karton gutusyny döreden Perfetti Van Melle kompaniýasy boldy – gazna gabyň, aslynda, alýuminiý we plastigi goşmak bilen gaýtadan işlenilmeýän materialdan taýýarlanandygyny belleýär. Şeýle aýyplama Head & Shoulders şampunyna hem degdi, ony öndüriji serişde üçin gabyň kenardan ýygnalan plastikden döredilendigini aýdýar. Şeýle-de bolsa, çüýşäniň reňklenmegi onuň gaýtadan işlenilmeýändigini görkezýär. 
Häzirki wagtda “plastik” paýyş söze öwrüldi. Sarp edijiler ony satyn almak bilen özlerini günäkär hasaplaýarlar, şonuň üçin brendler ýalňyşlyga getirýän köne marketing usullaryny ulanyp, olaryň aňlaryna täsir edýärler. Öndürijiler özlerini dünýä derejesindäki meseläni çözýän ýaly görkezýärler, hakykatda bolsa ony güýçlendirýärler. Analitikleriň hasaplamalaryna görä, plastik önümçiligi 2040-njy ýyla çenli üç esse artar diýip, A Plastic Planet guramasyny esaslandyryjylaryň biri Sian Sazerlend düşündirýär.

düýn 17:43
2k+

Google 2025-nji ýylyň iň gowy Android programmalaryny we oýunlaryny saýlady

Google kompaniýasy 2025-nji ýylda Play Store platformasynda hödürlenen iň gowy oýunlary we programmalary saýlady. Bu ýyllyk tejribe diňe bir işläp düzüjileriň üstünlikleriniň ykrar edilmegi däl-de, eýsem Android enjamlary ulanyjylar üçin maslahat hökmünde hyzmat edýär...

düýn 16:39
1.7k+

Budapeştde 1700 ýyllyk gadymy rim sarkofagy tapyldy

Budapeşt taryhy muzeýiniň arheologlary Wengriýanyň paýtagtynyň demirgazygyndaky Obuda sebitinde rim sarkofagyny tapdy diýip, Associated Press agentligi habar berdi. Tapyndy Akwinkum gadymy rim şäherçesiniň çäklerinde gazuw-agtaryş işleri wagtynda ýüze çykaryldy...

düýn 15:08
1.6k+

Wan Goguň suraty Sotheby’s auksionynda 62,7 mln dollara satyldy

Niderlandly suratkeş Winsent Wan Goguň “Pariž romanlarynyň toplary we bulgurdaky bägüller” suraty Nýu-Ýorkda geçirilen Sotheby’s auksionynda 62,7 mln dollara satyldy. Bu barada NL Times habar berýär. Suratyň ahyrky bahasy ilkibaşdaky bahadan 35% ýokary boldy...

düýn 13:39
1.9k+

Krafton täze žanrda PUBG: Black Budget oýnuny hödürledi

Krafton kompaniýasy PlayerUnknown’s seriýasynyň täze PUBG: Black Budget oýnuny hödürledi. Patyşalyk söweşi bolan hakyky PUBG: Battlegrounds oýnundan tapawutlylykda täze taslama ekstrakşn-şuter žanrynda döredildi...