Coca-Cola alyjylary ýalňyşdyrmakda aýyplandy

  • 03.07.2022 10:58
  • 42k+

Bazaryň üýtgeýşini seljerýän The Changing Markets Foundation gaznasy Coca-Cola we Procter & Gamble ýaly uly kompaniýalary gaplamalaryň kömegi bilen alyjylary ýalňyşdyrmakda günäkärledi. Ýagny, brendler planetanyň hapalanmagyna garşy göreşýändiklerini aýtsalar-da, hakykatda bu beýle däl diýip, “The Guardian” habar berýär. Muny lenta.ru ýetirýär.

Derňewçiler käbir kompaniýalaryň ummana taşlanan plastikleri gaýtadan işlemek baradaky aýdanlaryny grinwoşing – marketing maksatly tebigat barada ýalan alada diýip hasapladylar. Mysal üçin, Coca-Cola çüýşeleriniň 25%-iniň “deňiz” plastiginden taýýarlanandygyny nygtaýar, şol bir wagtyň özünde kompaniýa daşky gurşawy iň uly hapalaýjylaryň biri hasaplanýar.
Ýene bir mysal önümler üçin karton gutusyny döreden Perfetti Van Melle kompaniýasy boldy – gazna gabyň, aslynda, alýuminiý we plastigi goşmak bilen gaýtadan işlenilmeýän materialdan taýýarlanandygyny belleýär. Şeýle aýyplama Head & Shoulders şampunyna hem degdi, ony öndüriji serişde üçin gabyň kenardan ýygnalan plastikden döredilendigini aýdýar. Şeýle-de bolsa, çüýşäniň reňklenmegi onuň gaýtadan işlenilmeýändigini görkezýär. 
Häzirki wagtda “plastik” paýyş söze öwrüldi. Sarp edijiler ony satyn almak bilen özlerini günäkär hasaplaýarlar, şonuň üçin brendler ýalňyşlyga getirýän köne marketing usullaryny ulanyp, olaryň aňlaryna täsir edýärler. Öndürijiler özlerini dünýä derejesindäki meseläni çözýän ýaly görkezýärler, hakykatda bolsa ony güýçlendirýärler. Analitikleriň hasaplamalaryna görä, plastik önümçiligi 2040-njy ýyla çenli üç esse artar diýip, A Plastic Planet guramasyny esaslandyryjylaryň biri Sian Sazerlend düşündirýär.

düýn 23:59
44

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......

düýn 21:09
464

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

düýn 16:13
2.6k+

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......

düýn 10:41
1.3k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......