Yssy howada haýsy içgileri içmek maslahat berilmeýär?

  • 02.07.2022 12:01
  • 22k+
Yssy howada haýsy içgileri içmek maslahat berilmeýär?

Yssy howada süýji içgilerden, mysal üçin, gazly suwlardan, miwe şiresinden we siroply kofeden ýüz öwürmek gerek. Şu maslahatlardan ugur alynmasa, saglygyň bilen bagly düýpli näsazlyklar ýüze çykyp biler diýip, dieolog Margarita Korolýowa gürrüň berýär. Muny Day.Az ýetirýär. 

Hünärmeniň aýtmagyna görä, yssy howada gazly suw ýa-da miwe şiresini içmek peýdasyzdyr. Içgileriň düzümindäki şeker sebäpli adam ýene-de içmek isleýär. Ne gazly suw, ne-de miwe şiresi teşneligi gandyryp bilmeýär diýip, dietolog belleýär.
Yssy howada süýji kofe hem, hatda sowuk kofe-de saglygyň bilen bagly näsazlygy güýçlendirip bilýär. Kofein ýürek-damar ulgamyna agram salýar. Bu arterial basyşyň ýokarlanmagyna we ýürek ritminiň bozulmagyna getirer.

“Kofe, aýratynam şeker goşulanda, organizmi suwsuzlandyrýar. Netijede, organizm has köp suwuklyk talap edýär” – diýip, dietolog belledi.

Kofeden, miwe şiresinden we gazly içgilerden başga-da, yssy howada alkogol içgilerinden hem saklanmaly. Hünärmeniň aýtmagyna görä, spirtli içgiler gan basyşynyň ýokarlanmagyna we ýürek-damar ulgamynyň işiniň ýaramazlaşmagyna getirer.  


25.11.2024 12:51
4.2k+

BSGG ilkinji gezek çagalar üçin maýmyn mamasyna garşy sanjymy tassyklady

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) çagalarda maýmyn mamasynyň (mpox) öňüni almak üçin niýetlenen LC16m8 sanjymynyň tassyklanandygyny habar berdi. Sanjym dünýäde bu ýaş topary üçin ilkinji sanjymdyr. Bu...

25.11.2024 12:08
3.5k+

ABŞ-da robot ilkinji gezek goşa öýken transplantasiýasyny geçirdi

ABŞ-da Nýu-Ýork uniwersitetiniň lukmançylyk merkeziniň (NYU Langone Health) hirurglary ilkinji gezek doly robotlaşdyrylan goşa öýkeniň transplantasiýasyny (oturdylmagy) geçirdiler. Hassa öýkeniň hroniki obstruksion...

22.11.2024 08:22
12k+

Alymlar kofeniň haýsy görnüşiniň saglyk üçin has peýdalydygyny kesgitlediler

Espresso (latte, kapuçino) esasly içgiler Alsgeýmer keselinden goraýar, süzülen kofe bolsa ýürek we damarlar üçin aýratyn peýdalydyr. Bu barada Budapeştdäki Zemmelweýs uniwersitetiniň lukmançylyk wizuallaşdyryş...

20.11.2024 13:06
4.6k+

Ylmy barlag: nauşnikleriň günde 4 sagatdan köp ulanylmagy beýni üçin zyýanly

Nauşnikleriň günde dört sagatdan köp ulanylmagy beýnide düzedip bolmajak üýtgeşmelere getirip biler. Muny Melburn newrologiýa institutynyň we Stenford uniwersitetiniň alymlary kesgitledi. Ylmy gözlegiň netijeleri The...