Ýagşymyradow bilen Kasanganaýyň arasyndaky söweş "PFL World Championship 2024-iň" esasy wakasyna öwrüler

  • 21.11.2024 08:23
  • 31k+

29-njy noýabrda Er-Riýadda (Saud Arabystany) garyşyk söweş sungaty boýunça "PFL World Championship 2024" ýaryşy geçiriler. Agşamyň esasy tutluşygy ýarym ýeňil agramly PFL Gran Pri finaly bolar. Onda türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow we amerikaly Impa Kasanganaý çempionlyk ady we 1 million dollarlyk baýrak ugrunda bäsleşer diýip, championat.com ýazýar.

35 ýaşly türkmen söweşijisi ABŞ-nyň Florida ştatynyň Golliwud şäherinde geçirilen PFL 8 ýaryşynda awstraliýaly Rob Uilkinsony eminleriň biragyzdan ses bermegi bilen ýeňenden soň, bu ady almak hukugyna eýe boldy (Kaliforniýada ýerleşýän Golliwud bilen garyşdyrmaly däl). Bu Ýagşymyradowyň yzygider altynjy ýeňşi we PFL-de üçünjisi boldy. Garyşyk söweş sungatynda onuň 24 ýeňşi we 7 ýeňlişi bar, ýene-de bir tutluşygy deňme-deň netije bilen tamamlandy.
30 ýaşly Kasanganaý hem soňky söweşinde eminleriň karary bilen Joşua Silweýri ýeňdi.
Er-Riýadda geçiriljek tomaşa PFL Gran Prisiniň finalynda agyr agramly söweş bilen tamamlanar. Onda Oleg Popow Denis Golsow bilen duşuşar.
Ýaryşyň esasy kardyndaky (duşuşyklaryndaky) jübütleriň sanawy şu aşakdakylardyr:

  • Oleg Popow - Denis Golsow
  • Impa Kasanganaý - Döwletjan Ýagşymyradow 
  • Şamil Musaýew - Magomed Umalatow
  • Brent Primus - Gaji Rabadanow
  • Brendan Laýfneýn - Timur Hizriýew
  • Taýla Santos - Dakota Ditçewa

03.06.2026 17:49
3.9k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

01.06.2026 10:58
6.4k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......

30.05.2026 08:45
8.2k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.3k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....