Land Cruiser Prado, Avalon, Corolla, RAV4... Toyota Guançžoudaky sergide täze awtomobillerini görkezdi

  • 17.11.2024 20:23
  • 16k+

2024-nji ýylyň Hytaýyň Guançžou şäherinde geçirilen Halkara awtosalonynda Toyota kompaniýasy soňky nesil Avalon, Corolla, Corolla Cross, Granvia, Land Cruiser Prado, RAV4, Supra we bZ3C awtomobillerini öz içine alýan modeller hataryny hödürledi. 

Modeller barada maglumatlar:

Toyota Avalon
 – uzynlygy 4990 mm, ini 1850 mm, beýikligi 1450 mm, tigir bazasy 2870 mm bolan sedan. Awtosalonda 2,5 litrlik hereketlendirijä esaslanýan gibrid görnüşi hödürlendi. Şeýle Avalon-yň umumy kuwwaty 230 at güýjüne deňdir. Model öňdäki herekete getiriji bilen üpjün edildi. Bu sedan barada biz şu makalada has giňişleýin gürrüň berdik.


Toyota Corolla
 – hytaýly müşderilere gönükdirilen sedan. Göwrümi 4635x1780x1435 mm, tigir bazasy – 2700 mm. 1,8 litrlik hereketlendirijä esaslanýan gibrid gurluşly, öňdäki herekete getirijä eýe bolan wersiýa görkezildi.


Toyota Corolla Cross – krossower. Göwrümi 4460x1825x1620 mm, tigir bazasy 2640 mm. 2,0 litrlik içinden ýandyrylýan hereketlendirijili, elektrik hereketlendirijili we e-CVT wariatorly gibrid bolup, umumy kuwwaty 196 at güýjüne deň. Ýangyjyň ortaça sarp edilişi – 100 km üçin 4,56 litr.


Toyota Granvia – doly göwrümli gibrid miniweni. Göwrümi 5175x1995x1785 mm, tigir bazasy 3060 mm. Awtomobil ýedi ýa-da sekiz orunlyk bolup, 2,5 litrlik benzin hereketlendirijisinden, elektrik hereketlendirijisiden we wariatordan ybarat gibrid ulgamy bilen elýeterlidir. Umumy kuwwaty – 249 at güýji, herekete getiriji – öňdäki.


Toyota Land Cruiser Prado – 2,4 litrlik benzin turbo hereketlendirijisinden (T24A-FTS), elektrik hereketlendirijisiden we sekiz basgançakly awtomatik gutudan ybarat gibrid ulgamy bilen ýolsuz ýerden ýöreýän awtoulag. Onuň jemi kuwwaty 330 at güýjüne, aýlanma pursaty 630 Nm deň. Awtoulag doly herekete getiriji bilen üpjün edildi.


Toyota RAV4 – krossower. Birnäçe komplektasiýada hödürlenýär. Göwrümi 4600x1855x1680 mm, tigir bazasy 2690 mm. 2,5 litrlik hereketlendirijä esaslanýan gibrid görnüşi görkezildi. Umumy kuwwaty 222 at güýji bolup, doly herekete getirijini aldy.


Toyota GR Supra – ýokary tehnologiýalar, özüne çekiji dizaýn we haýran galdyryjy tehniki aýratynlyklar bilen tapawutlanýan sport kupesi. Ol 340 at güýjüni berýän 3,0 litrlik alty silindrli turbo hereketlendirijisi bilen hödürlenýär. 8 basgançakly awtomatik guty bilen sazlaşykly işläp, 4,3 sekuntda 100 km/sag tizligi üpjün edýär.


Toyota bZ3C – geçýän menzili 500 km bolan, kuwwaty 272 at güýjüne ýetýän doly elektrik krossower-kupesi. Iň ýokary tizlik sagatda 160 km bilen çäklenýär. Ol nol zyňyndylara ymtylyşy görkezýän bZ (“beyond Zero”) seriýasynyň bir bölegidir.


düýn 14:05
4.2k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

düýn 08:16
2.7k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
4.9k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......