Tramp öz şygary we milli nyşan bilen gitara satyp başlady

  • 23.11.2024 20:05
  • 16k+

ABŞ-nyň saýlanan Prezidenti Donald Tramp “Amerikany ýene beýik edeliň” (Make America Great Again) şygary we ak kelleli bürgüdiň (Haliaéetus leucocéphalus) şekili bilen täze gitaralary hödürledi diýip, New York Post habar berýär.

“Tiz wagtdan satuwda! “45” gitaralarynyň çäkli tapgyry. Bary-ýogy 1,3 müň nusga akustiki gitara we elektrogitara – olaryň käbirine hut özüm tarapyndan gol goýuldy!” – diýip, syýasatçy Truth Social sosial ulgamyndaky sahypasynda ýazdy.
“Bu ajaýyp gitaralar onuň sapynda ak reňk bilen grawirlenen “Amerikany ýene beýik edeliň” jümlesi we sapyň başynda Donald Trampyň Prezident wezipesinde [öňki] prezidentlik möhletini aňladýan 45 belgisi bilen bezelen” – diýlip, aýdym-saz guralyny sargyt etmek üçin niýetlenen Trump Guitars saýtynda aýdylýar.

Gitaranyň korpusynda şekillendirilen ak kelleli bürgüt 1782-nji ýylyň 20-nji iýunyndan bäri resmi taýdan ABŞ-nyň milli nyşany hasaplanylýar. Guş hatda ýurduň döwlet tugrasynda – Beýik möhürde-de şekillendirilen.
Gitaralaryň bahasy 1 müň – 1,5 müň dollar aralygynda üýtgeýär, awtografly modeller bolsa 10 – 10,5 müň dollar aralygynda satylýar. Alyjylara 5-6 aýyň dowamynda eltip bermek wada berilýär. Şeýle-de, guralyň “Roždestwo çenli” gowşurylmagy-da mümkindir.


şu gün 00:57
2.4k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......