Er-Riýadda 92 müň orunlyk stadion gurulýar. Tomaşaçylar onuň üçeginde gezelenç edip bilerler

  • 23.11.2024 20:47
  • 16k+

Saud Arabystanynyň paýtagty Er-Riýadda patyşa Salmanyň adyny göterjek stadionyň gurluşygy yglan edildi. 92 000 adamlyk kuwwatly täze desgany 2029-njy ýyla çenli tamamlanmak meýilleşdirilýär.

Onuň dizaýny Las-Wegasdaky “Sfera” taslamasy bilen tanalýan Populous kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülýär.
Binagärleriň sözlerine görä, bina çölde şineläp gögerip ugran tohuma meňzär. Diwarlary we petikleri ýaşyl otluk bilen basyrylar. Arena häzirki wagtda gurulýan äpet seýilgäh bilen gurşalar. Sport ýaryşlaryny görmäge gelen tomaşaçylar stadionyň üçegindäki pyýada ýodalarda erkin gezelenç edip bilerler.


VIP myhmanlar üçin goşmaça 2200 ýer göz öňünde tutulan, VVIP tomaşaçylary üçin ýene 300 ýer artdyrylar.
Stadion uly sport toplumynyň bir bölegine öwrüler. Futbol meýdançasyndan başga-da, skalodromlar, olimpiýa basseýni we ýeňil atletikaçylar üçin meýdança bolar.
Stadionyň Saud Arabystanynyň milli futbol ýygyndysynyň öý bazasyna öwrülmegine garaşylýar. Geljekde desgada 2034-nji ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlary geçirilip bilner.


düýn 07:28
7.1k+

Nike Dünýä çempionaty – 2026 üçin gyzykly 6 minutlyk wideofilminde futbol ýyldyzlaryny jemledi

Nike kompaniýasy öňümizdäki 2026-njy ýylyň futbol boýunça Dünýä çempionatyna bagyşlanan «Ssenariýany täzeden ýazmak» («Rip the Script») atly 6 minutlyk täsirli mahabat filmini tanyşdyrdy. Bu wideorolikde......

28.05.2026 19:36
12k+

ABŞ-nyň prokurorlary DÇ-2026-nyň biletleriniň gymmatlamagy boýunça derňew geçirýärler

Nýu-Ýork we Nýu-Jersi ştatlarynyň baş prokurorlary 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň biletleriniň satylmagy bilen baglylykda FIFA-nyň üstünden derňew işini başladylar....

27.05.2026 21:24
7.9k+

DÇ-2026-nyň finalynyň arakesmesinde Madonna, Şakira we BTS çykyş eder

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň final duşuşygynda taryhda ilkinji gezek Halftime Show (arakesme şüweleňi) geçirmegi meýilleşdirýändigini yglan etdi. Şüweleňiň......

22.05.2026 14:33
6.2k+

Hytaý dünýä çempionatyny görkezmek hukugyny FIFA-nyň isläninden 5 esse arzan satyn aldy

Hytaý döwlet teleradiokompaniýasy (CCTV) 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatyny ýaýlyma bermek barada Halkara futbol federasiýasy (FIFA) bilen ylalaşyk gazandy. «Hong Kong 01» neşiriniň CCTV-niň......