Dubaýda satuwa çykarylan "Mersedes-Benz-de" pul saklamak üçin aç-açan görünýän çemodan bar

  • 22.11.2024 00:49
  • 19k+

Özboluşly öndürilen “Mersedes-Benz” Dubaýda satuwa çykarylýar, ol indiwidual sargyt esasynda döredildi. Alyjy awtoulag bilen birlikde adaty bolmadyk aksessuary - awtoulagyň süňňünde ýerleşdirilen pul üçin niýetlenen çemodany satyn alar diýip, auto.ru habar berýär.

Ýöriteleşdirilen “Mersedes-Benz” 2000-nji ýyllaryň başyndaky SLK 55 AMG kysymyna esaslanýar. Ol Auto Deals dilerler söwda merkezinde satuwa çykaryldy. Awtoulag Los Anjelesdäki S-Klub studiýasyndan bolan Jon Sarkisýan tarapyndan täzeden gurnaldy. Ol 1957-nji ýyldaky meşhur Mersedes-Benz 300SL esasynda bezelipdir, ýöne birnäçe tapawudy bar. Bu model has uzyn, aşagy pes we içi has giňdir, şeýle-de ulagyň ganaty, täsirli tigir arka uzatmalary we bagaž gapagyndaky köp uglerod bezegi bar.
Aç-açan görünýän çemodan awtoulagyň goş bölüminde, ýagny bagažynda ýerleşýär. Onuň suratlarynda banknotlar şekillendirilýär.
Awtoulagyň içinde donor modeliniň elementleri saklanýar, ýöne içerki görnüşi täzeden işlenip, häzirki zaman media ulgamy bilen üsti ýetirildi. Awtoulag AMG-den 354 at güýjüne eýe bolan 5,4 litrlik V8 hereketdiriji bilen işleýär. Donor awtoulagynyň geçip bilýän aralygy, takmynan, 74 müň kilometre barabardyr, ýöne gurluşyk gutarandan soň, näçe wagt sürülendigi entek belli däl.
Sport awtoulagynyň bahasy 3,9 million dirhem, bu bolsa million dollardan gowrak bolýar.


20.06.2026 12:20
4.1k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

03.06.2026 11:52
7.4k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

23.05.2026 15:59
5.1k+

Mercedes-Benz 98%-e çenli netijeli Bosch elektrik motorlaryna geçýär

Bosch kompaniýasy täze elektrik awtoulaglaryny elektrik motorlary bilen üpjün etmek boýunça Mercedes-Benz bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Ylalaşyk azyndan 2030-njy ýyllara çenli möhlete niýetlenen....

21.05.2026 09:35
2.2k+

Täze Mercedes-AMG GT reňkini üýtgedýän üçege we 1169 at güýjüne eýe boldy

Mercedes-AMG kompaniýasy üç sany oklaýyn (aksial) elektrik motory bolan we 1169 at güýji kuwwatyny öndürýän täze elektrikli AMG GT 4-Door Coupe sport sedanyny tanyşdyrdy diýip, «The Verge» neşiri habar berýär....