Lexus brendiň taryhynda iň güýçli awtoulag bolan LX 700h tanyşdyryldy

  • 24.11.2024 17:18
  • 18k+

Guançžou awtosalonynda kuwwatlyly 460 at güýji bolan, ýolsuz ýerlerde hereket etmäge ukyply täze gibrid “Lexus LX 700h” hödürlendi.

Lexus-yň resmi web sahypasyna görä, bu model 115,350 dollar bahasy bilen satuwa çykarylýar.
Awtoulagyň esasy aýratynlyklary:

  • Kuwwaty: 460 at güýji we 790 Nm.
  • Gibrid gurnama: 3,4 litrlik V6 benzinli hereketlendiriji elektrik hereketlendirijisi bilen birleşdirilen.
  • Ýangyç sarp edişi: 11,7 l / 100 km.
  • Çekiş ukyby: agramy 3,6 tonna çenli tirkeg çekmäge ukyply.
  • Ýoldan daşardaky mümkinçiligi: ähli tekerleri hereketli, 10 tizlikli awtomatiki geçiriş we 265/70 R18 ýoldan daşarky tekerler bilen enjamlaşdyrylan.

Beýleki aýratynlyklary bilen birlikde, gibrid gurnama awtoulagynyň hapadan we çyglylykdan goramagy öz içine alýan mümkinçiligi bar. Isleseňiz, ony doly öçürip bilersiňiz. Şeýle hem onuň inwertor funksiýasy bar - munuň üsti bilen siz elektrik enjamlaryny awtoulagdan işledip bilersiňiz.
Gibrid gurnama awtoulagy süňňüni goraýjy çyzyklar bilen “Overtrail” goraglaryň ähli görnüşine eýedir.
Mundan öň Ýaponiýanyň “Toyota Motor” korporasiýasynyň premium markasy bolan “Lexus ES 2026” we “Lexus RZ 2025-ni" hödürledi.


12.06.2026 01:38
7.5k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

07.06.2026 19:49
3.3k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

15.05.2026 11:08
3.3k+

Lexus futuristik superkarynyň konseptini görkezdi

Pekin awtosalonynda Lexus kompaniýasy 2025-nji ýylyň ahyrynda anons edilen LFA superkarynyň pikirlerini ösdürýän täze sport awtomobiliniň konseptini tanyşdyrdy....