WSJ: Tesla çykdajylary azaltmak üçin Kaliforniýadaky ofisini ýapar

  • 01.07.2022 09:52
  • 8.8k+

Amerikan elektromobil öndürijisi Tesla Kaliforniýa ştatyndaky ofisleriniň birini ýapar, takmynan, 200 işgär bolsa işden çykarylar. Bu barada “The Wall Street Journal” neşiri habar berýär diýip, TASS belleýär.

Onuň maglumatlaryna görä, kompaniýa çykdajylary azaltmak maksady bilen San-Mateodaky ofisini ýapýar, onuň işgärleriniň ýarysyndan gowragy eýeleýän wezipelerinden boşadylýandygy barada habar aldy. Işgärleriň galan bölegi kompaniýanyň beýleki ofisleriniň arasynda paýlanylar. Neşir işden çykarylmaga sezewar bolan işgärleriň ep-esli böleginiň Tesla awtomatik dolandyryjysyny kämilleşdirmek bilen meşgullanandygyny belleýär.
Öň, kompaniýanyň eýesi Ilon Mask amerikan ykdysadyýeti babatda ýaramaz duýgusynyň bardygyny aýtdy we işgärleri, takmynan, 10% azaltmakçydygyny hem-de bütin dünýäde işe kabul edilmegi togtatmakçydygyny duýdurdy. Maý aýynyň ortalarynda Maýamide geçirilen All-in Summit tehnologiýa konferensiýasynda eden çykyşynda Mask Birleşen Ştatlaryň ykdysadyýetiniň çökgünlik ýagdaýyndadygyny we bu ýagdaýdan bir ýyldan çykjakdygyny aýtdy. 


şu gün 00:36
298

Dünýäde ilkinji: Itera durkuny üýtgedýän suwuk platany görkezdi

Amerikanyň Itera startapy dünýäde ilkinji «suwuk» çap edilen plata diýip atlandyrylýan enjamynyň nusgasyny tanyşdyrdy....

10.05.2026 12:04
1.3k+

Mask Anthropic bilen ylalaşyk baglaşandan soň, xAI-niň aýratyn kompaniýa hökmünde ýapylýandygyny yglan etdi

Emeli aň işläp düzmek bilen meşgullanýan xAI kompaniýasy aýratyn gurluş hökmünde ýapylyp, SpaceX-iň AI bölümine öwrüler. Bu barada kompaniýanyň eýesi Ilon Mask X sosial media platformasynda habar berdi....

30.04.2026 07:20
2.2k+

Hytaý Manus startapynyň 2 milliard dollara Meta kompaniýasyna satylmagyny bökdedi

Hytaý häkimiýetleri amerikan kompaniýasy Meta Platforms-yň Hytaýyň emeli aň startapy bolan Manus-y 2 milliard dollara satyn almak baradaky şertnamasyny ýatyrdy. Bu karar milli howpsuzlyk we tehnologiýalaryň......

27.04.2026 23:00
2.5k+

Kazyýet Maskyň OpenAI-a garşy talaplarynyň bir bölegini ret etdi, kazyýet işi dowam edýär

Kazyýet Ilon Maskyň OpenAI kompaniýasyna we onuň esaslandyryjylaryndan biri bolan Sem Altmana garşy bildiren "kezzapçylyk" aýyplamalaryny ret etdi, emma beýleki aýyplamalar boýunça derňew işleri dowam eder. Bu......