Wladimir Putin Altynjy Hazar sammitine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi

  • 29.06.2022 14:58
  • 26k+

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň VI sammitine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde ýokary derejeli myhmany resmi adamlar garşy aldylar.

W.Putiniň Aşgabada gelen wekiliýetiniň düzümine Prezidentiň kömekçisi Ýuriý Uşakow, wise-premýer Alekseý Owerçuk, RF-niň Prezidentiniň metbugat sekretary Dmitriý Peskow, Astrahan welaýatynyň gubernatory Igor Babuşkin, DIM-niň ýolbaşçysynyň orunbasary Andreý Rudenko we beýlekiler girdi.


düýn 20:23
895

Duşenbede türkmen-täjik hökümetara toparynyň 14-nji mejlisi geçirildi

2026-njy ýylyň 3-4-nji marty aralygynda Duşenbe şäherinde Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 14-nji mejlisi boldy. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň...

düýn 20:06
5.1k+

Taňryguly Atahallyýew Täjigistanyň Prezidenti bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 4-nji martynda Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon Duşenbe şäherine iş sapary bilen gelen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýewi kabul etdi...

düýn 15:54
3.2k+

Hytaý Halk Respublikasynda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň geljegi maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçisi P.Durdyýew bilen Hytaýyň Daşary işler ministriniň kömekçisi jenap Lýu Biniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär...

düýn 15:32
1.1k+

Türkmenistanyň Ilçisi Bolgariýa Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy

2026-njy ýylyň mart aýynyň başynda Türkmenistanyň Bolgariýa Respublikasyndaky (oturýan ýeri Moskwa şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Esen Aýdogdyýew Sofiýa şäherinde saparda boldy. Saparyň esasy maksady Bolgariýanyň milli baýramy — Azat ediş güni mynasybetli guralan dabaralara gatnaşmakdy...