Türkmenistan Lotfabad serhet geçelgesinden ýükleriň üstaşyr geçirilmegine rugsat berdi

  • 29.06.2022 06:24
  • 31k+

Türkmenistan 25-nji iýundan başlap daşary ýurtly sürüjileriň we üstaşyr geçýän ýük ulaglarynyň öz ýüklerini Merkezi Aziýa ýurtlaryna äkitmek üçin Eýranyň demirgazyk-gündogarynda ýerleşen Derregez şäherindäki Lotfabad serhet geçelgesinden geçirip biljekdiklerini habar berdi. Bu barada Horasan-Rezawi welaýatynyň Üstaşyr we awtoulag daşaýyşlary müdirliginiň ýolbaşçysy Morteza Mojaradiniň beýannamasyna salgylanýan IRNA ýazýar.

Türkmenistan bilen Eýran «Demirgazyk-Gündogar» halkara ulag geçelgesiniň çäklerinde bu serhet geçelgesini açmak barada ylalaşdylar. «Sarahs (Türkmenistan) — Farýab (Özbegistan) ugry ýaly, Türkmenistanda Kaka şäheriniň serhet müdirligi Lotfabad (Eýran) — Farýab (Özbegistan) üstaşyr ugur açyldy» diýip, eýranyň wezipeli adamy mälim edýär.
Mojaradiniň sözlerine görä, Eýranyň ýük ulaglary Türkmenistandan Lotfabad ýa-da Sarahs serhet nokatlarynyň üsti bilen Eýrana dolanyp bilerler.
Lotfabad barlag-geçiriş nokady eýran-türkmen serhedinde, Eýranyň Maşat şäheriniň 300 km demirgazygynda, Aşgabadyň bolsa 110 km gündogarynda ýerleşýär.


düýn 16:07
2.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.9k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

16.05.2026 09:58
8.4k+

Hytaýda dünýäniň iň uly demir ýol menzili açyldy

Hytaýyň Çunsin şäherinde meýdany boýunça dünýäde iň uly hasaplanýan Gündogar demir ýol menziliniň gurluşygy tamamlandy. Umumy meýdany 1,22 million kwadrat metr bolan bu ägirt uly toplum Hytaýyň ýokary tizlikli......