Nikkei: Ýaponiýanyň häkimiýetleri ýurtda hasaba alynmasa Twitter bilen Meta jerime salar

  • 22.06.2022 07:40
  • 6.3k+

Ýaponiýanyň häkimiýetleri ýurduň çäginde ýuridiki şahsy degişli ýagdaýda hasaba aldyrmasa, daşary ýurt IT-kompaniýalaryna, şol sanda Twitter bilen Meta jerime salar. Bu barada “Nikkei” gazeti habar berýär diýip, TASS belleýär.  

Ýapon häkimiýetleri mart we iýun aýlarynda ýurtda doly derejeli ýuridiki şahsy hasaba aldyrmak talaby bilen jemi 48 sany IT kompaniýasyna ýüz tutdy. Bu talap ýurtda hemişelik esasda iş alyp barýan guramalara degişli. Bu ulanyjy hukuklary bozulan halatynda ýuridiki işleri ýönekeýleşdirýär.
Şeýle-de bolsa, tehnologiki kompaniýalaryň köpüsi diňe internetiň üsti bilen hyzmat hödürleýändikleri üçin marketing amallaryna jogap berýän aýratyn bir ýuridiki şahs ýeterlik diýip hasaplaýarlar. Neşiriň ýazmagyna görä, kompaniýalar salgyt ýüküniň köpelmeginden çekinip, hasaba alyş prosedurasyndan geçmäge howlukmaýarlar. Şol bir wagtyň özünde jerime bary-ýogy 1 mln ýena (takmynan, $7,4 müň) barabar.
Häkimiýetleriň maglumatlaryna görä, bu 48 kompaniýanyň birnäçesi hasaba alyş prosedurasyndan geçdi. Ýöne ne Twitter, ne-de Meta 15-nji iýuna çenli muny ýerine ýetirmedi, olar teswir bermekden-de saklandy diýip, “Nikkei” ýazýar. 


27.06.2025 20:05
2.2k+

Emeli aň WhatsApp-da okalmadyk hatlaryň gysgaça mazmunyny jemläp aýdyp berer

WhatsApp messenjeri täze «Message Summaries» atly funksiýasynyň işe girizilendigini mälim etdi. Bu funksiýa arkaly ulanyjylar okalmadyk hatlaryň emeli aň tarapyndan taýýarlanan gysgaça mazmunyny görüp bilerler...

27.06.2025 17:11
2.4k+

Kazyýet Meta kompaniýasyna emeli aňy türgenleşdirmek üçin awtorlyk tekstleri ulanmaga rugsat berdi

Kaliforniýanyň (ABŞ) Demirgazyk okrugynyň federal kazyýeti 25-nji iýunda awtorlyk hukugy bilen goralýan tekstleri emeli aňy türgenleşdirmek üçin peýdalanmak bilen baglanyşykly kazyýet işinde Meta Platforms kompaniýasynyň peýdasyna çözgüt kabul etdi...

19.06.2025 13:55
3.7k+

Instagram ulanyjylary akkauntlaryň sebäpsiz petiklenmeginden zeýrenýär

Instagram ulanyjylary eýýäm birnäçe hepde bäri akkauntlaryň açyk sebäp bolmazdan köpçülikleýin petiklenmeginden zeýrenýär. Köpler muny emeli aňa esaslanýan ulgamyň işinde bolup biljek bökdençlikler bilen baglanyşdyrýar...

19.06.2025 11:04
2.5k+

Facebook, YouTube, Instagram, WhatsApp, TikTok... ilkinji gezek esasy habar çeşmesine öwrüldi

Sosial ulgamlar esasy habar çeşmesi hökmünde telewideniýeden, gazetlerden, habar saýtlaryndan we beýleki adaty köpçülikleýin habar beriş serişdelerinden öňe geçýär. Bu barada Oksford uniwersitetiniň Reuters Institute for the Study of Journalism merkeziniň täze hasabatynda aýdylýar...