Ukrainaly Usik bilen britaniýaly Joşuanyň arasyndaky rewanş 20-nji awgustda geçiriler

  • 21.06.2022 11:46
  • 15k+

WBA Super, IBF we WBO titullarynyň eýesi Aleksandr Usik bilen britaniýaly Entoni Joşuanyň arasynda super agyr agramda çempion guşagy üçin rewanş duşuşygy 20-nji awgustda geçiriler. Bu barada Matchroom Boxing promouter kompaniýasy habar berýär. Muny gazeta.ru ýetirýär.

Habar berlişi ýaly, söweş Saud Arabystanynyň Jidda şäherinde geçiriler. 
Ýatlap geçsek, öň Aleksandr Usik 26-njy sentýabra geçilýän gije Londonda “Tottenhem” futbol klubunyň stadionynda geçirilen 12 raundlyk söweşde Entoni Joşuadan üstün çykdy. 
Usik emin agzalarynyň biragyzdan karar bermegi bilen ýeňiş gazandy – 117-112, 116-112, 115-113, ol agyr agramda WBA Super, WBO, IBF we IBO wersiýalaryna görä, birleşdirilen dünýä çempiony titulynyň eýesi boldy. 
Ukrainaly boksçy ýeňilmesiz ýagdaýda galýar. Ol professional ringde 19 gezek söweşip, olaryň her birinde ýeňiş gazandy, şol bir wagtyň özünde 13 gezek garşydaşyny nokauta gidirdi.


15.06.2026 15:36
3.2k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......

30.05.2026 08:45
8.4k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

25.05.2026 16:52
10k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

24.05.2026 15:33
11k+

Usik çempionlyk söweşinde kikboksçy Werhoweni nokaut etdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik kikboksçy Riko Werhoweni 11-nji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi we agyr agramdaky WBA, WBC we IBF çempionlyk titullaryny gorap galdy....