Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ahalyň täze merkezine saparlary dowam edýär

  • 20.06.2022 10:24
  • 23k+

18-nji iýunda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler, şäheri abadanlaşdyrmaga gönükdirilen taslamalar, binalaryň bezeg aýratynlyklary bilen tanyşdy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz bu ýerde iş maslahatyny geçirdi.

Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we edara ediş merkezi şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew hormatly Arkadagymyza bu ýerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada giňişleýin maglumat berdiler. Hormatly Arkadagymyz desgalaryň gurluşyklarynda alnyp barylýan işler bilen tanyşlygyň çäklerinde ýollaryň ugurlaryny görkezýän şekiller, şeýle hem köçeleriň we jaýlaryň adynyň, belgileriniň görnüşleri hem-de olarda häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalaryny ulanmak arkaly yşyklandyryş usullaryny peýdalanmagyň aýratynlyklary bilen tanyşdy.
Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow merkeziň çäginde bina edilýän welaýatyň Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler, bu ýerde döredilmegi meýilleşdirilýän muzeý otagynyň aýratynlyklary bilen gyzyklandy.
Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda taryhda öçmejek yz goýan belli şahsyýetlerimizi ýatlamak, atlaryny ebedileşdirmek maksady bilen, şäheriň şaýollaryna we köçelerine olaryň atlaryny dakmak boýunça pikir alyşmalar boldy. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy her bir şahsyýetiň hünäri, onuň alyp baran ugry nazara alnyp, olaryň her biriniň adynyň mahsus edara binalarynyň ýerleşýän köçelerine dakylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Şunda taryhy şahsyýetleriň bitiren hyzmatlary nazarda tutulmalydyr.


29.04.2026 15:09
1.1k+

Türkmenistanyň DIM-inde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan daşary syýasy işleriň jemleri jemlendi

28-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýylyň başyndan bäri ýurduň halkara işjeňliginiň möhüm wakalaryna bagyşlanan brifing geçirdi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat......

27.04.2026 23:33
10k+

Serdar Berdimuhamedow welaýatlary ösdürmek meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi

27-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly wise-premýer T.Atahallyýewiň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar......

25.04.2026 13:45
19k+

Türkmenistanyň birnäçe etrabynda häkimleriň orunbasarlarynyň wezipä bellenilmegi tassyklanyldy

24-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynda kadr üýtgeşmeleri barada birnäçe Karara gol çekdi. Kararlar welaýat we etrap......

22.04.2026 14:43
10k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherindäki gurluşyk işlerine nägilelik bildirdi

Arkadag şäherinde geçirilen iş maslahatynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginine we......