UFC-niň çempiony Sterling sentýabrda iň ýeňil agramda guşagyny gorar

  • 18.06.2022 16:06
  • 16k+

Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) çempiony Aljameýn Sterling sentýabr aýynda titul goragyny geçirer. Bu barada MMA Fighting habar berýär. Muny RIA Nowosti ýetirýär.

Sterlingiň garşydaşy Ti Jeý Dillaşou bolup, söweş 10-njy sentýabrda UFC 279 turniriniň çäginde meýilleşdirilýär. Söweşiň geçiriljek ýeri soňrak yglan ediler.
Aprel aýynda Sterling eminleriň aýrybaşga kararlary bilen Pýotr Ýany ýeňdi. Söweşden soň russiýaly söweşiji eminleriň gelen netijesi bilen razylaşmady we rewanş talap etdi. 2021-nji ýylda Sterlinge garşy birinji söweşde Ýan garşydaşynyň kellesine gadagan edilen dyz bilen urgudan soň diskwalifikasiýa sebäpli UFC-niň çempiony titulyny ýitirdi. 
Öň, Ýan indiki söweşiniň 3-nji sentýabrda Parižde geçiriljek UFC turnirinde bolmagynyň mümkindigini aýtdy. Göz öňünde tutulýan garşydaşyň ady heniz aýdylanok. 


düýn 23:43
6.2k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

24.06.2026 18:18
4.9k+

UFC Drikus dýu Plessi bilen Kamaru Usmanyň duşuşygyny yglan etdi

UFC-niň orta agram derejesindäki öňki çempiony Drikus dýu Plessi guramanyň ýarym orta agram derejesindäki öňki çempiony Kamaru Usman bilen urşar. Promouşeniň habar bermegine görä, bu tutluşyk 19-njy iýulda......

22.06.2026 14:40
4.6k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
9.2k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......