Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady

  • 16.06.2022 08:01
  • 12k+

Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.

“Siziň parasatly, öňdengörüjilikli ýolbaşçylygyňyzda Hytaý Halk Respublikasy köp ugurlarda ajaýyp üstünlikleri gazandy we özüne mahsus ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar” diýip, döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda nygtady.

Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň mart aýynda bolan telefon arkaly söhbetdeşligi ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny we şonuň dowamynda hakyky dostlukly gatnaşyklary hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmäge çuňňur gyzyklanma bildirilendigini belläp, türkmen-hytaý gatnaşyklaryny geljekde-de has ýokary derejä çykarmak üçin ähli tagallalary etmäge taýýardygyny beýan etdi.
Serdar Berdimuhamedow ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýarlyk, dostlukly hytaý halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.


düýn 19:31
847

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

düýn 11:02
1.5k+

Hytaýly taýkonawtlar kosmos şertlerde ilkinji gezek lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdiler

«Şençžou-23» missiýasynyň ekipažy Hytaýyň «Týangun» orbital stansiýasyna gelenden soň ilkinji gezek mikrodartyş şertlerinde lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdi....

18.06.2026 11:17
5.1k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

18.06.2026 10:28
1.5k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....