Maks Werstappen Azerbaýjanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy

  • 13.06.2022 21:51
  • 3.7k+

“Red Bull” toparynyň niderlandly sürüjisi Maks Werstappen “Formula-1” klasynyň awtoýaryşlary boýunça dünýä çempionatynyň sekizinji tapgyry bolan Bakuwda Azerbaýjanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy. Ikinji orny onuň topardaşy meksikaly Serhio Peres, üçünji orny britaniýaly Jorj Rassel (“Mersedes”) eýeledi diýip, interfax.ru habar berýär.

Saýlama tapgyrynda iň gowy wagty görkezen we poul-pozişnden badalga alan “Ferrariniň” sürüjisi Şarl Lekler, deslapky maglumatlara görä, hereketlendirijide ýüze çykan näsazlyk sebäpli distansiýadan çykmaga mejbur boldy. Onuň topardaşy Karlos Saýns hem şeýle ýagdaýa düşdi. 
Werstappen 150 utuk gazanyp, şahsy sanawda liderligini berkitdi. Ikinji orna Peres geçdi (129), Lekler üçünji orna düşdi (116).
Konstruktorlaryň kubogynda birinji orny “Red Bull” (279 utuk) eýeleýär, onuň yzyndan “Ferrari” (199), üçünji orunda “Mersedes” (161) gelýär.


düýn 08:22
2.2k+

«Red Bull» uçaryň kömegi bilen 2026-njy ýyldaky «Formula-1» möwsümi üçin ulagyny tanyşdyrdy

«Formula-1-iň» «Red Bull» topary 16-njy ýanwarda Detroýtda (ABŞ) geçirilen tanyşdyrylyş dabarasynyň çäklerinde 2026-njy ýyl möwsümi üçin öz ulagynyň täze dizaýnyny görkezdi. Dabaranyň gahrymanlarynyň biri 47 ýaşly çehiýaly uçarman we Çehiýanyň HHG-siniň öňki uçarmany, 2018-nji ýylda Red Bull Air Race-iň çempiony Martin Şonka boldy...

16.01.2026 16:44
1.2k+

Mihael Şumaheriň ýaryş ulagy auksionda azyndan 5,5 mln ýewro satylar

«Formula-1-iň» ýedi gezek dünýä çempiony Mihael Şumaheriň ýaryş ulagy ýanwar aýynyň ahyrynda 5,5 mln ýewrodan 7,5 mln ýewro çenli baha bilen Sotheby’s auksionyna çykarylar. Şumaher Ferrari F310 B ulagyny 1997-nji ýylda Belgiýanyň Gran-prisiniň ýaryş uikendinde sürdi...

09.01.2026 10:43
2.8k+

Mihael Şumaheriň ilkinji ýeňiji bolan bolidi auksiona çykarylýar

Broad Arrows auksion öýi ýanwar aýynyň ahyrynda Mihael Şumaheriň karýerasyndaky ilkinji ýeňşini gazanan 1992-nji ýyldaky Benetton-Ford bolidini satuwa çykarar. Guramaçylar 05-nji şassi belgili, doly abatlanan bu awtoulagyň azyndan 8,5 million ýewro satylmagyna garaşýarlar...

18.12.2025 23:16
4.5k+

Dünýäniň sport paýtagty statusy resmi taýdan Bakuwa geçdi

Baku 2026-njy ýyl üçin «Dünýäniň sport paýtagty» statusyna mynasyp boldy. Degişli çözgüt Ýewropanyň sport paýtagtlarynyň we şäherleriniň federasiýasy (ACES) tarapyndan kabul edildi diýip, AzerTaj agentligi habar berýär...