Ýaş alymlaryň 72-si ylmy işler bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

  • 13.06.2022 18:43
  • 7.6k+

11-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik geçirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 6-njy fewralynda çykaran Kararyna laýyklykda, ata Watanymyzyň zehinli ýaşlaryny ylymda, bilimde we täze tehnologiýalar boýunça has ähmiýetli, tutumly işlere höweslendirmek maksady bilen, şeýle hem Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň 2022-nji ýylda ylmy işler boýunça bilelikde geçiren bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etmek hakynda Karara gol çekdi.

Seljeriş topary hödürlenen işleriň ähmiýetine baha berip, has mynasyp ýaş alymlaryň sanawyny tassyklady. Bäsleşigiň emin agzalary hödürlenen işleri seljerip, 34 talybyň we ýaş alymlaryň 38-siniň işlerini ýeňiji diýip yglan etdi. Şunda hödürlenen taslamalaryň ähmiýeti, ylmy tarapdan täzeçilligi, ol taslamalaryň iş ýüzünde durmuşa geçirmek we önümçilige ornaşdyrmak nukdaýnazaryndan zerurlygy göz öňünde tutuldy. Şeýlelikde, ylmy bäsleşikde ýaş alymlaryň 72-si has tapawutlanyp, baýrakly orunlara mynasyp boldy.

Ýaş alymlaryň bäsleşiginde birinji we ikinji orunlara mynasyp bolanlara ýurdumyzda öndürilen planşet kompýuterleri, üçünji orny eýelänlere bolsa telewizorlar gowşuryldy.

Ýaş alymlaryň ylmy işler bäsleşiginiň ýeňijileriniň sanawy bilen «Türkmenistan» hem-de «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetleriniň 13-nji iýundaky sanlarynda dolylygyna tanşyp bilersiňiz.


şu gün 14:03
1.4k+

Awstraliýanyň gowaklaryndan ilkinji gözsüz ary we geň mumiýalanan möýler tapyldy

Alymlar Awstraliýanyň Nallarbor düzlüginden içinde ozal görülmedik jandarlaryň mumiýalanan galyndylary bolan täsin gowaklary tapdylar. Tapyndylaryň arasynda  gadymy möýler, saçakçylar, kyrkaýaklar we arylaryň dünýäde ilkinji asla gözsüz görnüşi bar...

29.06.2025 13:27
5.8k+

Ýantar daşynda ýaşy 40 million ýyla golaý bolan gadymy tarakan tapyldy

Kaliningraddaky “Ýantar kombinatynda” (RF-niň “Rosteh” döwlet korporasiýasyna degişli) 35–40 million ýyl mundan ozalky döwre degişli gadymy ýabany tarakan saklanýan täsin ýantar daşy tapyldy. Bu seýrek duş gelýän inklýuziýa 2-nji awgustda Moskwada geçiriljek AmberForum’25 halkara forumynyň çäklerinde guraljak täsin ýantarlar auksionynda esasy lotlaryň biri bolar...

29.06.2025 13:10
5.2k+

Gaýtadan işlenen plastik gormonal ulgam üçin zyýanly bolup çykdy

Plastik çökgünligine çözgüt gözläp, köp ýurtlar soňky onlarça ýylyň dowamynda plastikleri gaýtadan işlemäge aýratyn üns berdiler. Emma täze barlaglar bu usulyň hem howpsuz däldigini görkezýär. Nemes alymlarynyň geçiren ylmy işi Journal of Hazardous Materials žurnalynda neşir edilip, gaýtadan işlenen plastigiň janly organizmlere ýaramaz täsir ýetirip bilýändigini görkezdi...

26.06.2025 14:32
6.9k+

Plastik galyndylardan parasetamol öndürmegiň usuly tapyldy

Edinburg uniwersitetinden professor Stiwen Uollesiň ýolbaşçylygyndaky alymlar topary plastik galyndylarynyň derman öndürmek üçin ulanylyp bilinjekdigini kesgitlediler. Bu barada Nature žurnalyndaky barlaga salgylanýan The Guardian ýazýar...