BMG-de Howpsuzlyk Geňeşiniň täze hemişelik däl bäş agzasy saýlandy

  • 12.06.2022 22:49
  • 8.6k+

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň wekilleri Maltany, Mozambigi, Şweýsariýany, Ekwadory we Ýaponiýany BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň täze hemişelik däl agzalary hökmünde saýladylar. Bu ýurtlaryň wekilleri 2023-2024-nji ýyllaryň dowamynda Geňeşiň işine gatnaşarlar. Mozambik üçin 192 ýurt, Ýaponiýa üçin 184, Ekwador üçin 190, Şweýsariýa üçin 187, Malta üçin 185 ýurt ses berdi diýip, news.un.org habar berýär.  

Ýatlap geçsek, Howpsuzlyk Geňeşiniň düzümine 15 döwlet girýär, olardan bäşisi Geňeşiň hemişelik agzasy bolup, weto hukugyna eýedir – Russiýa, Hytaý, ABŞ, Beýik Britaniýa we Fransiýa. Geňeşiň hemişelik däl 10 agzasy iki ýyl möhlet bilen saýlanýar. Her ýyl olaryň bäşisi çalşylýar. 
Dalaşgärler bäş sebitleýin topar tarapyndan hödürlenýär: Afrika, Latyn Amerikasy we Karib, Gündogar Ýewropa, Aziýa-Ýuwaş umman sebiti, şeýle-de Günbatar Ýewropa we “beýleki” döwletler.
Malta, Mozambik, Şweýsariýa, Ekwador we Ýaponiýa Geňeşiň geçen ýyl saýlanan hemişelik däl agzalary bolan Albaniýa, Gabona, Gana, Braziliýa we BAE-ne goşular. Täze saýlanan hemişelik däl agzalar Hindistanyň, Irlandiýanyň, Keniýanyň, Meksikanyň we Norwegiýanyň ornuna geçer.
BMG-niň Düzgünnamasyna laýyklykda, Howpsuzlyk Geňeşi halkara parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek üçin jogapkärdir. Bu karary Guramanyň ähli agzalary üçin hökmany bolan BMG-niň ýeke-täk edarasydyr. 


28.05.2026 12:23
1.9k+

Kanada maýa goýum özüne çekijiliginiň reýtinginde Hytaýdan öňe geçdi

Kanada we Ýaponiýa «Kearney FDI Confidence Index 2026» maýadarlaryň ynam reýtinginde öz ornuny berkitdi, Hytaý bolsa on ýylyň içinde ikinji orundan dördünji orna düşdi....

22.05.2026 14:19
2k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....

27.04.2026 02:06
4.3k+

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy

20-nji aprelde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) ýanyndaky täze bellenen hemişelik wekili Wepa Hajyýew guramanyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy. Bu barada......

24.04.2026 16:06
1.6k+

Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen geljekki hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

23-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşdy. Bu barada daşary syýasat......