Türkmenistanyň Prezidenti ýaşlaryň ylmy işler bäsleşiginiň ýeňijilerini gutlady

  • 11.06.2022 15:09
  • 13k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerine Gutlag iberdi.

"Öňe sürýän beýik başlangyçlarymyzda, uludan tutulýan döwletli işlerimizde hemişe ylma daýanýarys. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» taýýarlanylanda hem ylmyň ygtybarly görkezijilerine esaslanyldy. Bu maksatnamada türkmen ylmyny ählitaraplaýyn ösdürmegiň ugurlary jikme-jik beýan edilýär. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda ylmy gözlegleriň binýadyny berkitmek hem-de yzygiderli döwrebaplaşdyrmak, ýokary tehnologiýalara, düýpli nazary ylymlara daýanýan sanly ykdysadyýeti kemala getirmek babatda toplumlaýyn işleri alyp barýarys" diýip, döwlet Baştutany Gutlagynda nygtady.

Bellenilişi ýaly, dünýäniň ylmy-tehniki gazananlaryny durmuşymyza ornaşdyryp, döredijilikli oýlap tapyşlary bilen tapawutlanýan ýokary derejeli ýaş hünärmenleri taýýarlamaga, zehinli ýaşlaryň ylma bolan höwesini artdyrmaga gönükdirilen giň gerimli çäreleri amala aşyrýarys. Çünki ýaşaýşy gözelleşdirmek üçin köpçülige peýdaly täze zatlary oýlap tapmak — bu türkmen halkynyň gadymdan gelýän ýol-ýörelgesidir. Täze ylmy açyşlar biziň halkymyzyň dünýä ýüzündäki abraýyny beýgelden aýratynlyklaryň biridir.

"Ylym her bir şahsyýetiň, jemgyýetiň, döwletiň barlygy, berkararlygy, bakylygy hem-de dowamaty üçin uly ähmiýete eýedir. Ylym ýaşlaryň özlerine, şu gününe we geljegine bolan ynamyny ösdürýän, olara ýaşaýşyň täze syrly gapylaryny açyp berýän gudratly güýçdür. Ylym bilen meşgullanmak abraý- mertebedir" diýlip, Gutlagda ylymly ýaşlaryň döwletimiziň kuwwatly güýjüdigi, halkymyzyň belent maksatlara ýugrulan nurana geljegidigi bellenilýär.


şu gün 16:56
473

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

şu gün 12:41
818

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

şu gün 11:09
1k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

düýn 06:42
5.3k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....