Toyota dünýäde satuwy boýunça Volkswagen-den 1 mln ulag öňe geçdi

  • 04.06.2022 09:18
  • 8.1k+

2022-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynyň jemi boýunça awtoulag satmakda Toyota kompaniýasy dünýäde öňdeligi eýeledi diýip, Bloomberg habar berýär. 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende, önümçiligiň 5,8% pese gaçandygyna garamazdan, ýapon konserni Toyota, Lexus, Daihatsu we Hino kysymly awtoulaglaryň dünýä boýunça 3 429 636-syny satmagyň hötdesinden geldi.

Şol bir wagtda Toyota ýapon bazarynda 16,3%-i (692 370 ulag satyldy) ýitirdi. Dünýäniň galan böleginde bolsa peseliş 2,7% boldy.

Dünýä boýunça hasaplanyňda ikinji ýer Volkswagen AG (Volkswagen, Skoda, Seat/Cupra, Audi, Lamborghini, Bentley, Porsche, MAN, Scania we Navistar brendleri bar) konsernine degişli. Satuwlar 26%, 2 414 800 ulaga çenli kemeldi. Sebäbi — hytaý bazaryndaky konserniň işine uly täsirini ýetirýän kynçylyklar. Ol ýerde Volkswagen AG-niň satuwy birden 30% peseldi. Ondan hem başga, nemes konserni Ukrainadaky çökgünlik sebäpli hasam uly kynçylyklara sezewar boldy: kompaniýanyň köp zawodlary toplum şaýlarynyň ýetmezçiligi sebäpli önümçiligini togtatmaly boldular.


düýn 09:33
5.6k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......

09.05.2026 10:32
5.2k+

Toyota Awstraliýada iň kuwwatly Land Cruiser 300-i satuwa çykardy

Toyota kompaniýasy Awstraliýada Land Cruiser 300-iň gibrid görnüşini resmi taýdan tanyşdyrdy. Carscoops neşiriniň habar bermegine görä, mundan ozal iň kuwwatly Land Cruiser diňe Gündogar Ýewropanyň käbir......

06.05.2026 09:03
6.3k+

Toyota Tundra howpsuzlyk synaglarynda F-150-den has ýokary netijeleri görkezdi

IIHS-iň täze geçiren kraş-testleri uly göwrümli pikaplar segmentinde garaşylmadyk netijäni ýüze çykardy. Toyota Tundra synaglarda iň ýokary netijeleri görkezip, howpsuzlyk derejesi boýunça Ford F-150-den öňe......

06.05.2026 08:17
1.7k+

Volkswagen önümçiligini ýylda ýene bir million ulaga çenli azaltmak meýli barada yglan etdi

Volkswagen konserniniň ýolbaşçysy Oliwer Blýume 2028-nji ýyla çenli Ýewropada önümçilik möçberini ýylda takmynan ýene bir million awtomobil azaltmak meýilnamasynyň bardygyny mälim etdi. Bu çäre amaly......