Toyota kompaniýasy Prius modeliniň ýörite görnüşini çykardy

  • 03.07.2025 14:31
  • 5.7k+

Toyota kompaniýasy Night Shade (“Gijeki kölege”) ady bilen Prius gibridiniň ýörite görnüşini çykardy. Awtomobil bamperlerinde gara goşundylara, gara gapy tutarlaryna, alýumin disklere we garaldylan nyşanlara eýe boldy.

Bagaž ýeriniň gapysynda Ýeriň kosmosdan düşürilen suraty bilen ýörite PHEV nyşanjygy ýerleşdirildi.
Salonda mehaniki sazlamalar bilen sport oturgyçlary oturdyldy. Model 2,0 litrlik benzin hereketlendirijisini we elektrik hereketlendirijilerini öz içine alýan gibrid güýç enjamy bilen enjamlaşdyryldy. Umumy kuwwat 220 at güýjüne deň. Elektrik tirkegde ulagyň geçýän menzili 44 km ýetýär.
Ýörite görnüş G komplektasiýasynyň esasynda döredildi. Onuň başlangyç bahasy 3 947 300 ýena (takmynan, 27,5 müň dollar) barabar.
Häzirlikçe Toyota Prius PHEV Night Shade-iň Ýaponiýadan daşary elýeterli boljakdygy belli däl. 





düýn 21:15
3.7k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.8k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....