Nikkei: ýapon kompaniýasy dünýäde ilkinji bolup wodorod bilen işleýän traktorlaryny bazara çykarar

Nikkei: ýapon kompaniýasy dünýäde ilkinji bolup wodorod bilen işleýän traktorlaryny bazara çykarar

Ýaponiýanyň Kubota iri maşyngurluşyk korporasiýasy 2025-nji ýylda dünýäde ilkinji bolup oba hojalygynyň hajatlary üçin wodorod ýangyjy bilen işleýän traktorlaryny bazara çykarar. Olar kuwwaty 50-den 100 at güýjüne çenli bolan dürli modifikasiýalarda işlenip taýýarlanýar diýip, penşenbe güni Nikkei işewürler gazeti ýazdy.

Ýangyç batareýaly diýip atlandyrylýan, bakdaky wodorod bilen atmosfera kislorodynyň bilelikdäki reaksiýasynyň hasabyna elektrik energiýasyny işläp çykarýan traktorlar  esasan Ýewropanyň we Demirgazyk Amerikanyň iri fermer hojalyklary üçin niýetlener. 

Şeýle-de, ýapon korporasiýasy wodorod guýuş ulgamyny hödürlemegi hem meýilleşdirýär. Onuň şeýle traktorlary döretmek maksatnamasy Ýewropa Bileleşiginiň, ABŞ-yň we Kanadanyň atmosfera kömürturşy gazlarynyň zyňylmagyny kem-kemden aradan aýyrmak boýunça bilelikdäki meýilnamasyna laýyklykda işlenip taýýarlandy.  Ekspertleriň pikirine görä, wodorod ýangyjynda işleýän traktor, juda gabaraly we tiz zarýad beriji akkumulýatory talap edýän ýönekeý elektriki traktora garanda, ulanmaga amatlydyr diýip, gazet ýazýar. Oba hojalygynda kömürturşy gazlaryň zyňyndylarynyň 30%-i traktorlara we beýleki tehnikalara degişlidir diýip, Nikkei belleýär.