Kipr 1-nji iýundan syýahatçylar üçin ähli koronawirus çäklendirmelerini ýatyrar

  • 30.05.2022 07:36
  • 12k+

1-nji iýundan başlap, Kipriň hökümeti koronawirus sebäpli girizilen giriş çäklendirmeleriniň ählisini ýatyrýar, aýratynam, syýahatçylara waksina alandygy baradaky sertifikaty ýa-da COVID-19 üçin PZR-testi görkezmek hökman bolmaz diýip, Cyprus Mail gazeti habar berýär. 

"Kipriň Ministrler kabineti, ýurtda epidemiologiýa ýagdaýynyň gowulaşandygy bilen bagly, 1-nji iýundan başlap, aeroportlarda we portlarda syýahatçylar üçin kowide garşy ähli çäklendirmeleri ýatyrmagy karar etdi" diýip, neşir ýazýar.

Gazetiň belleýşi ýaly, 1-nji iýundan başlap, syýahatçynyň haýsy ýurtdan gelendigine garamazdan, waksina alandygy baradaky sertifikaty ýa-da koronawirus bilen keselländigi hakynda güwänamany, antigenler üçin otrisatel PZR ýa-da ekspress-testi görkezmek talap edilmez.
Kipriň Ulag ministri Ýannis Karusosyň sözlerine görä, maý aýynda, 2019-njy ýylyň pandemiýadan öňki degişli döwri bilen deňeşdirilende, gatnawlarda ýolagçy akymy 77% boldy, bu bolsa günde ortaça 30 müň ýolagçy diýmegi aňladýar.


düýn 09:50
4.3k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.1k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
5.7k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......

22.06.2026 00:59
7.5k+

Hytaýda «hiç ýere gitmeýän kruizler» başlandy

Şanhaýda deňiz dynç alşynyň täsin görnüşi — «hiç ýere gitmeýän syýahatlar» ýola goýuldy. «Xinhua Net» agentliginiň habar bermegine görä, bu saparlarda gämi hiç bir porta girmän, üç günden soň ýene ýola çykan......