Maks Werstappen Ispaniýanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy

  • 23.05.2022 07:05
  • 3.3k+

«Red Bulluň» niderlandly sürüjisi Maks Werstappen Ispaniýanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy. Ikinji bolup pellehana Werstappeniň topardaşy meksikaly Serhio Peres geldi. Üçlügi “Mersedesiň” britaniýaly sürüjisi Jorj Rassel jemledi.

Ispaniýadaky ýeňşinden soň Werstappen çempionatyň umumy sanawynda “Ferrariden” Şarl Lekleri birinji orundan gysyp çykaryp, sanawyň başyna geçdi. Şarl Lekler güýç gurluşy bilen bagly näsazlyk sebäpli ýaryşy tamamlap bilmedi. 

  1. Maks Werstappen (Niderlandlar, “Red Bull”)
  2. Serhio Peres (Meksika, “Red Bull”) – +13,072
  3. Jorj Rassel (Beýik Britaniýa, “Mersedes”) – +32,927
  4. Karlos Saýns (Ispaniýa, “Ferrari”) – +45,208
  5. Lýuis Hemilton (Beýik Britaniýa, “Mersedes”) – +54.534
  6. Waltteri Bottas (Finlýandiýa, “Alfa Romeo”) – +59.976
  7. Esteban Okon (Fransiýa, “Alpin”) – +1:15.397
  8. Lando Norris (Beýik Britaniýa, “Maklaren”) – +1:23.235
  9. Fernando Alonso (Ispaniýa, “Alpin”) – + aýlaw
  10. Ýuki Sunoda (Ýaponiýa, “Alfa Tauri”) – + aýlaw

Indiki Gran-pri 27 – 29-njy maýda Monakoda geçiriler.


düýn 16:43
2.2k+

“Formula 1” aprel aýynda Bahreýnde we Saud Arabystanynda geçirilmegi meýilleşdirilen Grand Prix ýaryşlaryny ýatyrdy

Halkara awtoulag federasiýasy (FIA) we Formula-1-iň ýolbaşçylygy Bahreýnde we Saud Arabystanynda Gran-priniň ýaryşlaryny ýatyrdy. Bu barada FIA-nyň resmi web sahypasynda yglan edildi. Aprel aýynda geçiriljek ýaryşlar Ýakyn Gündogardaky häzirki geosyýasy ýagdaý sebäpli geçirilmez...

15.03.2026 20:14
9.6k+

Messi Ýamala garşy oýnamaz: Ispaniýa bilen Argentinanyň arasyndaky «Finalissima» duşuşygy ýatyrylýar

Ýewropanyň häzirki çempiony Ispaniýa bilen Günorta Amerika kubogynyň ýeňijisi Argentinanyň arasyndaky «Finalissima» tituly ugrundaky futbol duşuşygy ýatyryldy. Bu barada El Chiringuito neşiri habar berýär. Aslynda, duşuşygy 27-nji martda Kataryň «Lusaýyl» stadionynda geçirmek meýilleşdirilipdi...

15.03.2026 19:17
1.9k+

Mercedes ýene-de öňde: Antonelli — «Formula-1-iň» taryhynda iň ýaş ikinji ýeňiji

«Mercedes» toparynyň italýan sürüjisi Andrea Kimi Antonelli «Formula-1» çempionatynyň täze möwsüminiň ikinji tapgyry bolan Hytaý Gran-prisiniň ýeňijisi boldy. 19 ýaşly Antonelli ýaryşlar tapgyrynyň taryhynda iň ýaş ýeňijileriň hataryna girdi...

08.03.2026 15:59
1.8k+

Rassel «Formula-1-iň» ilkinji tapgyrynda ýeňiji bolup, «Mersedese» goşa ýeňiş getirdi

«Mersedes» toparynyň britaniýaly sürüjisi Jorj Rassel «Formula-1» awtoýaryşlary boýunça dünýä çempionatynyň ilkinji tapgyry bolan Awstraliýanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy. Ikinji orny onuň topardaşy, italiýaly Andrea Kimi Antonelli eýeledi...