Gucci Italiýanyň iň gymmat moda brendi boldy

Gucci Italiýanyň iň gymmat moda brendi boldy

Britaniýanyň bazary öwreniji kompaniýasy Kantar Italiýanyň moda pudagynda iň gymmat brendleriň ýyllyk sanawyny düzüp, Gucci brendini sanawyň başynda goýdy. Bu barada “WWD” gazeti habar berýär diýip, gazeta.ru belleýär.

Kantar kompaniýasy brendleriň bahasyny öwrenmek arkaly Top 30 Most Valuable Italian Brands sanawyny düzdi. Bassyr dördünji ýyl moda pudagynda reýtingiň birinji ornuny Kering korporasiýasyna degişli bolan Gucci eýeleýär. Kantar-yň maglumatlaryna görä, italýan brendiniň bahasy geçen ýyl bilen deňeşdirilende 12% ýokarlanyp, 37,9 mlrd dollar boldy. Şol bir wagtyň özünde Gucci-niň bahasy sanawdaky ähli italýan brendleriniň umumy bahasynyň tas üçden birine deňdir. Olaryň umumy bahasy 128,7 mlrd dollar bilen bahalandyrylýar.

Italiýanyň moda öýleriniň arasynda bahasy boýunça ikinji orny Prada brendi eýeledi. Ol 5,6 mlrd dollar bilen bahalandyrylýar. Üçünji orunda 4,7 mlrd dollar baha bilen Fendi ýerleşdi. Gözlegde bellenilişi ýaly, bu brendiň ösmegine Fendace ady bilen çykan we alyjylarda gyzyklanma döreden Versace bilen bilelikdäki kolleksiýa ýardam etdi. Iň gowy lýuks brendleriň onlugyna Bulgari, Giorgio Armani, Bottega Veneta, Salvatore Ferragamo, Valentino we Dolce & Gabbana hem girdi.