Gucci Italiýanyň iň gymmat moda brendi boldy

  • 22.05.2022 07:52
  • 11k+

Britaniýanyň bazary öwreniji kompaniýasy Kantar Italiýanyň moda pudagynda iň gymmat brendleriň ýyllyk sanawyny düzüp, Gucci brendini sanawyň başynda goýdy. Bu barada “WWD” gazeti habar berýär diýip, gazeta.ru belleýär.

Kantar kompaniýasy brendleriň bahasyny öwrenmek arkaly Top 30 Most Valuable Italian Brands sanawyny düzdi. Bassyr dördünji ýyl moda pudagynda reýtingiň birinji ornuny Kering korporasiýasyna degişli bolan Gucci eýeleýär. Kantar-yň maglumatlaryna görä, italýan brendiniň bahasy geçen ýyl bilen deňeşdirilende 12% ýokarlanyp, 37,9 mlrd dollar boldy. Şol bir wagtyň özünde Gucci-niň bahasy sanawdaky ähli italýan brendleriniň umumy bahasynyň tas üçden birine deňdir. Olaryň umumy bahasy 128,7 mlrd dollar bilen bahalandyrylýar.

Italiýanyň moda öýleriniň arasynda bahasy boýunça ikinji orny Prada brendi eýeledi. Ol 5,6 mlrd dollar bilen bahalandyrylýar. Üçünji orunda 4,7 mlrd dollar baha bilen Fendi ýerleşdi. Gözlegde bellenilişi ýaly, bu brendiň ösmegine Fendace ady bilen çykan we alyjylarda gyzyklanma döreden Versace bilen bilelikdäki kolleksiýa ýardam etdi. Iň gowy lýuks brendleriň onlugyna Bulgari, Giorgio Armani, Bottega Veneta, Salvatore Ferragamo, Valentino we Dolce & Gabbana hem girdi. 


19.05.2025 22:42
4.7k+

Loro Piana Mongoliýada ekologik başlangyç işe girizer

«Loro Piana» italýan brendi Mongoliýada ekologik başlangyç işe girizer. «Resilient Threads» atly taslama howanyň üýtgemeginden zyýan çeken Suhe-Bator welaýatyndaky bäş etrabyň daşky gurşawyny goramaga gönükdiriler...

06.04.2025 21:08
2.5k+

Louis Vuitton abatlaýyş işlerinden soň Milandaky esasy dükanyny açýar

Louis Vuitton abatlaýyş işlerinden Milanda (Italiýa) ýerleşýän flagman butigini açýar. Brend şähere, onuň dizaýn taryhyna we Lombardiýa sebitiniň arhitekturasyna hormat goýýar diýip, «WWD» habar berýär. Neoklassyky...

14.03.2025 06:00
5.2k+

Zaha Hadidiň binagärlik edarasy Neapolda Wezuwiýe meňzeş diňleri gurar

Ady rowaýata öwrülen Zaha Hadid tarapyndan esaslandyrylan Zaha Hadid Architects (ZHA) binagärlik edarasy Neapolyň gündogar çetinde gurmak üçin jübüt binanyň taslamasyny hödürledi. Polatdan we betondan gurulmaly...

29.01.2025 15:44
2.2k+

Italiýanyň hökümeti moda pudagyny goldamak üçin 250 million ýewro bölüp berer

Italiýanyň hökümeti zawodlaryň köpçülikleýin ýapylmagy bilen ýüzbe-ýüz bolan moda pudagyny goldamak üçin 250 million ýewro bölüp berýändigini yglan etdi. Maliýe serişdeleri kompaniýalaryň durnuklylygyny üpjün etmek...