Hytaýyň SMIC çip öndürijisi I çärýekde rekord girdeji gazandy

  • 17.05.2022 14:21
  • 7.1k+

Hytaýyň iň uly mikroprosessor öndürijisi Semiconductor Manufacturing International Corp (SMIC) ýarym geçirijileriň global ýetmezçiligi bilen baglylykda önüme bolan islegiň artmagy bilen birinji çärýekde rekord girdejini bellige aldy. Bu barada interfax.ru habar berýär.

Metbugat relizinde bellenilişi ýaly, ýanwar – mart aýlarynda girdeji $1,8 mlrd boldy, bu bolsa geçen çärýege garanyňda 16,6% we bir ýyl ozalkydan tas 67% ýokarydyr. Jemi tapawut geçen ýylyň dördünji çärýegindäki 35%-e we birinji çärýegindäki 22,7%-e garşy 40,7% boldy.
Ýanwar – mart aýlarynda jemi girdeji ýyllyk aňlatmasynda 200% ýokarlanyp, 750,3 mln dollara ýetdi. Dördünji çärýege garanyňda bu görkeziji 35,7% ýokarlandy.
SMIC-iň habarynda ABŞ-da “gara sanawa” girizilendigine garamazdan, geçen ýylyň onuň üçin “aýratyn” bolandygy aýdylýar. SMIC-iň çaklamasyna görä, ikinji çärýekde onuň girdejisi birinji çärýek bilen deňeşdirilende 1-3% ýokarlanar. Jemi tapawut bu çärýekde 37-39% bolar. 
SMIC-iň paýnamalary anna güni Gonkongdaky söwdada 1,4% ýokarlandy. Şu ýylyň başyndan bäri olaryň bahasy 14,4% pese gaçdy. 


düýn 11:34
3.4k+

Lewandowski Chery awtobrendiniň global ilçisi boldy

«Barselonanyň» hüjümçisi Robert Lewandowski Hytaýyň Chery awtokompaniýasynyň dünýä derejeli global ilçisi boldy....

14.05.2026 12:04
2.7k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

09.05.2026 16:36
3.8k+

Samsung Hytaýda hojalyk tehnikalarynyň satuwyny doly bes edýär

Samsung kompaniýasy Hytaýyň materik böleginde ähli hojalyk tehnikalarynyň, şol sanda telewizorlaryň we monitorlaryň satuwyny bes edýändigini resmi taýdan yglan etdi....

30.04.2026 07:20
2.2k+

Hytaý Manus startapynyň 2 milliard dollara Meta kompaniýasyna satylmagyny bökdedi

Hytaý häkimiýetleri amerikan kompaniýasy Meta Platforms-yň Hytaýyň emeli aň startapy bolan Manus-y 2 milliard dollara satyn almak baradaky şertnamasyny ýatyrdy. Bu karar milli howpsuzlyk we tehnologiýalaryň......