KHDR-da eýýäm ýarym milliondan gowrak COVID-19 hadysasy ýüze çykaryldy

KHDR-da eýýäm ýarym milliondan gowrak COVID-19 hadysasy ýüze çykaryldy

Demirgazyk Koreýada 13-nji maýda 174 müňden gowrak koronawirus hadysasy hasaba alyndy, bir günüň dowamynda koronawirusdan 21 adam aradan çykdy diýip, Yonhap agentligi habar berýär. Muny interfax.ru ýetirýär.

Umuman, KHDR-da aprel aýynyň ahyryndan 13-nji maý aralygynda 524 440 COVID-19 hadysasy ýüze çykaryldy, 27 adam aradan çykdy. Kesellänlerden 243 630 adam doly sagaldy, 280 810 adam heniz bejergi alýar.
Demirgazyk Koreýa 12-nji maýda pandemiýa başlany bäri ilkinji gezek ýurtda koronawirus bilen kesellemek hadysasynyň bardygyny tassyklady. Lider Kim Çen Yn koronawirus ýaýrawyny “ýurduň döredilen wagtyndan bäri iň uly sarsgyn” diýip atlandyrdy.
Koreýanyň Merkezi telegraf agentliginiň saýtyndaky habara görä, Koreýanyň Zähmet partiýasynyň MK-nyň Syýasy býurosy 14-nji maýda “iň ýokary adatdan daşary karantin ulgamynyň iş ýagdaýyny barlamak we amaly syýasy çäreleri güýçlendirmek üçin” mejlis geçirdi. Oňa Kim Çen Ynyň hut özi ýolbaşçylyk etdi.
KHDR-nyň lideri beýleki zatlar bilen bir hatarda ýurduň lukmançylyk häkimiýetleriniň “beýleki ösen ýurtlaryň karantin syýasatyny, karantin üstünliklerini we tejribesini gowy öwrenmeginiň möhümdigini” belledi.