Artyk agramy üçin UFC-niň titulyndan mahrum edilen Oliweýra Getjiden üstün çykdy

  • 08.05.2022 20:23
  • 23k+

Braziliýaly pälwan Çarlz Oliweýra UFC 274 turniriniň Las-Wegasda geçen baş başa-baş göreşinde amerikaly Jastin Getjini ýeňdi we ony ýeňil agramda çempionyň titulyna eýe bolmak mümkinçiliginden mahrum etdi.

Tutluşyk birinji raundda braziliýalynyň ýeňşi bilen tamamlandy.
Oliweýra 2021-nji ýylyň maý aýynda amerikaly Maýkl Çendlerden üstün çykyp, ýeňil agramda çempionyň guşagyna eýe bolupdy. Ol, 2020-nji ýylda Getjini ýeňmek bilen öz karýerasyny soňlan russiýaly Habib Nurmagomedowdan soň, UFC-niň şu agramdaky ilkinji çempiony boldy.
Emma amerikaly türgen bilen göreşe çykmazynyň öňüsyrasynda Oliweýranyň agramy artyk gelip, öz titulyndan mahrum boldy-da, çempionyň guşagy eýesiz galdy.  
Indi 32 ýaşly braziliýalynyň hasabynda 33 ýeňiş we 8 ýeňliş bar, bir sany tutluşyk bolsa hasaba alynmady.
33 ýaşly Getjiniň  23 ýeňşi we 4 ýeňlişi bar.


düýn 09:31
16k+

«Söweş – meniň ömrüm!» Döwletjan PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedrodan rüstem geldi

Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow Demirgazyk Irlandiýanyň paýtagtynda şu gün irden geçirilen PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedrony ýeňmegi başardy....

15.04.2026 19:50
20k+

Döwletjan oktagona dolanýar: Ýagşymyradow bilen Taýsonyň güýji deň gelermi

16-njy aprelde (Aşgabat wagty bilen 17-nji aprel) Belfastyň (Demirgazyk Irlandiýa) «SSE Arenasynda» türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradowyň urşy bolar. Bu gezek PFL oktagonynda oňa awstraliýaly Taýson Pedro......

11.04.2026 11:48
7.7k+

Dana Waýt UFC-niň Ak tamda geçmeli turnirine päsgel berýän mesele hakda aýtdy

2026-njy ýylyň 14-nji iýunynda Ak tamyň Günorta meýdançasynda geçirilmegi meýilleşdirilýän UFC Freedom 250 turniri, diňe bir promouşeniň däl, eýsem tutuş sport taryhyndaky iň uly we täsirli wakalaryň biri......

29.03.2026 15:17
10k+

Aleks Pereýra UFC-niň taryhynda iň uly şertnama gol çekdi: bir söweş üçin $10 mln

Garyşyk söweş sungatynyň (MMA) braziliýaly söweşijisi Aleks Pereýra UFC bilen uzak möhletleýin şertnama baglaşdy we guramanyň taryhynda iň ýokary kepillendirilen zähmet hakyny alýan türgen boldy....