Ahalyň, Daşoguzyň, Marynyň häkimlerine käýinç yglan edildi

Ahalyň, Daşoguzyň, Marynyň häkimlerine käýinç yglan edildi

3-nji maýda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda Prezident Serdar Berdimuhamedow käbir welaýatlaryň häkimlerine käýinç bermek hakynda Buýruklara gol çekdi.  

Resminamalara laýyklykda:

  • wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, welaýatda Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmekde ýol beren kemçilikleri üçin, Ahal welaýatynyň häkimi Gurbanow Ýazmuhammede;
  • wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, welaýatda şaly öndürmekde we Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmekde ýol beren kemçilikleri üçin, Daşoguz welaýatynyň häkimi Nazarmyradow Nazarmyrat Geldimyradowiçe;
  • wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, welaýatda Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmekde ýol beren kemçilikleri üçin, Mary welaýatynyň häkimi Annaberdiýew Döwranberdi Orazberdiýewiçe käýinç yglan edildi.