Aprel aýynyň iň öndürijilikli smartfonlary saýlandy

  • 03.05.2022 13:30
  • 16k+

Meşhur AnTuTu bençmarky şu ýylyň aprel aýyndaky öndürijilikli smartfonlaryň reýtingini neşir etdi. Netijeler flagman enjamlary, subflagmanlar we orta derejedäki gurluşlar kategoriýasynda görkezildi.

Geçen aýyň jemi boýunça lider 1 062 747 bal netijäni görkezen Black Shark 5 Pro oýun smartfony boldy. Onuň yzyndan 1 032 494 we 1 023 934 bal bilen Red Magic 7 Pro we Lenovo Legion Y90 gelýär.
Belläp geçsek, iň kuwwatly on gurluşdan dokuzysy Qualcomm Snapdragon 8 Gen 1 prosessoryny ulanýar. Ýene bir model – Vivo X80 bolsa (dördünji orun) MediaTek Dimensity 9000 çibine esaslanýar. 
Subflagman kategoriýasynda birinji orny Dimensity 8100 platformasyna esaslanýan Redmi K50 eýeledi. Onuň görkezen netijesi 814 032 bal boldy. Ikinji orunda Realme GT Neo3 ýerleşdi. Bu sanawa Snapdragon 870 prosessory bilen işleýän ýedi model girýär. Üçünji orun 732 müň bal bilen iQOO Neo5 smartfonyna degişli. Onuň yzyndan Snapdragon 870 çibi bilen Realme GT Neo2, Realme GT Master Explorer Edition, iQOO Neo5 SE, OPPO Reno6 Pro+ 5G, iQOO Neo5 we OPPO Find X3 gelýär. Dimensity 1200 Al bilen Realme GT Neo2T onunjy orunda ýerleşip, reýtingi jemleýär.
Orta derejedäki smartfonlar barada aýdylanda, bu ýerde birinji orun Snapdragon 778G çipli QOO Z5-e degişli. Gurluş 572 188 bal gazandy.

şu gün 23:45
0

Awstraliýanyň gaýalarynda dünýäniň iň kiçi haltaly jandarlarynyň täze görnüşi tapyldy

Kwinslend tehnologiýa uniwersitetiniň alymlary «Planigale petrophila» diýlip atlandyrylan haltaly haýwanlaryň täze görnüşini giňişleýin häsiýetlendirdi....

şu gün 20:40
1.1k+

Seulyň 70 ýaşdan uly ýaşaýjylary awtobuslarda mugt gatnap biler

Seulyň şäher geňeşi 70 ýaşly we ondan uly bolan ýaşaýjylar üçin şäher awtobuslarynda mugt gatnamak baradaky karary makullady....

şu gün 20:25
3.6k+

«Hoş geldiňiz, ýöne özüňizi gowy alyp baryň!»: Tramp öz portreti bolan ABŞ pasportyny görkezdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp çäklendirilen tapgyrda çykaryljak amerikan pasportlarynyň nusgasyny görkezdi. Bu tapgyryň çykarylmagy ýurduň garaşsyzlygynyň 250 ýyllygyna bagyşlanýar. Döwlet Baştutany täze......

şu gün 20:02
3.8k+

Türkiýede bir aýal ýalňyşlyk bilen 1 kg altyny zibile zyňdy

Türkiýäniň Bursa şäheriniň Ýyldyrym etrabynda ýaşaýan bir aýal içinde takmynan 133 müň dollar gymmatynda bir kilogram altynly poletilen torbany ýalňyşlyk bilen zibile oklady. CNN Türk-üň habar bermegine görä,......