Şu ýyl köneljek iPhone smartfonlary belli boldy

  • 02.05.2022 17:04
  • 21k+

Insaýderleriň maglumatlaryna görä, şu ýyl iPhone 6S bilen iPhone 6S Plus we 2016-njy ýylyň iPhone SE smartfony iOS täzelenmelerini almaz. Bu barada TomsGuide portaly ýazýar diýip, Day.Az belleýär.

Geçen ýyl iOS 14-iň dolandyrmagynda işlän ähli iPhone smartfonlary iOS 15-i aldy. Ýöne operasion sistemanyň täze wersiýasynyň saklamak üçin köp ýer we işlemek üçin uly hasaplaýyş kuwwatyny talap edýändigi sebäpli, Apple smartfonlarynyň köne modelleri täzelenmez.

iOS 16 şu ýylyň iýun aýynda WWDC 2022 konferensiýasynda macOS 13 we Apple gurluşlary üçin beýleki programma üpjünçiliginiň täzelenmeleri bilen birlikde hödürlener.

Täze iOS gulplanan ekranda ulanyp boljak has uly interaktiw wijetleri we “çalt hereket” ýarlyklaryny öz içine alar. iOS 16-a täze saglyga gözegçilik ediş funksiýalary we Apple-den VR-AR garnitura goldawy hem goşular. 


düýn 19:22
1k+

App Store dükanynda ulanyjylaryň ýaşyny tassyklaýan täze ulgamlar işe girizildi

Beýleki köp sanly iri kompaniýalaryň mysalyna eýerip, Apple dürli döwletleriň we sebitleriň kanunçylyk talaplaryna laýyk gelmek maksady bilen App Store dükanynda ulanyjynyň ýaşyny barlaýan ýörite gurallary işe girizdi...

düýn 15:17
1.5k+

Apple düzüminde ýekeje işgäri bolan invrs.io startapyny satyn aldy

Apple kompaniýasy Ýewropanyň invrs.io startapyny satyn aldy. Bu geleşigiň iň gyzykly tarapy — startapda ýekeje adam işleýär, olam onuň esaslandyryjysy Martin Şubert. Indi ol öz işini Apple-de dowam etdirýär. Bu şertnama üçin amerikan kompaniýasynyň näçe pul çykarany mälim edilmedi...

20.02.2026 11:20
1.9k+

Kameraly äýnekler, akylly tumarlar we täze AirPods: Apple-yň geljekki meýilnamalary

Bloomberg agentliginiň synçysy Mark Gurman Apple kompaniýasynyň emeli aň goldawy bolan täze dakynylýan enjamlaryň üstünde işleýändigini habar berdi. Kompaniýa Siri ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeltmek üçin ähli täze enjamlary kameralar bilen enjamlaşdyrmagy meýilleşdirýär...

20.02.2026 10:14
341

Apple Music-de indi ýakyndaky konsertleri tapyp bolar

Apple kompaniýasy iOS 26.4 täzelenmesi bilen Apple Music hyzmatyna birnäçe möhüm funksiýalary goşýar. Bu täzelenmeler ulanyjylara söýgüli aýdymçylaryna has ýakyn bolmaga we emeli aňyň kömegi bilen täze sazlar dünýäsini açmaga mümkinçilik berer...