«Forsaž-10-yň» birinji bölümi surata düşürilip başlandy

«Forsaž-10-yň» birinji bölümi surata düşürilip başlandy

«Forsaž» franşizasynyň prodýuseri Win Dizel jemleýji filmiň surata düşürilip başlanandygyny habar berdi. Seriýanyň onunjy bölümi iki bölekden ybarat bolar.

 

Aktýor sosial ulgamlarda “Forsaž-10-yň” posterini ýerleşdirdi. Posterde filmiň ady “Fast X” görkezilýär. “Forsažyň” finalynyň birinji bölüminiň premýerasy 2023-nji ýylyň 19-njy maýyna meýilleşdirilýär. Ikinji bölüm 2024-nji ýylda çykar. “Forsaž-10-da” baş keşpleri Bri Larson, Jeýson Momoa, Taýriz Gibson, Ludakris, Mişel Rodriges we beýlekiler ýerine ýetirer.