«Forsaž-10-yň» birinji bölümi surata düşürilip başlandy

  • 22.04.2022 14:08
  • 15k+

«Forsaž» franşizasynyň prodýuseri Win Dizel jemleýji filmiň surata düşürilip başlanandygyny habar berdi. Seriýanyň onunjy bölümi iki bölekden ybarat bolar.

 

Aktýor sosial ulgamlarda “Forsaž-10-yň” posterini ýerleşdirdi. Posterde filmiň ady “Fast X” görkezilýär. “Forsažyň” finalynyň birinji bölüminiň premýerasy 2023-nji ýylyň 19-njy maýyna meýilleşdirilýär. Ikinji bölüm 2024-nji ýylda çykar. “Forsaž-10-da” baş keşpleri Bri Larson, Jeýson Momoa, Taýriz Gibson, Ludakris, Mişel Rodriges we beýlekiler ýerine ýetirer.


02.02.2026 16:21
7.2k+

«Forsažyň» jemleýji bölüminiň çykjak senesi belli boldy

«Universal» studiýasynyň «Forsaž» kinosagasynyň iň soňky bölümi 2028-nji ýylyň 17-nji martynda amerikan prokatyna çykar. Bu barada «Deadline» neşiri habar berýär. Seriýanyň on birinji filmi resmi taýdan «Forsaž ebedi» (Fast Forever) diýlip atlandyryldy...

01.07.2025 14:08
7.9k+

Merhum Pol Uokeriň gahrymany “Forsažyň” iň soňky filminde peýda bolar

Merhum Pol Uokeriň gahrymany “Forsaž” film sagasynyň soňky bölüminde ýene peýda bolar. Muny Win Dizel Los-Anjelesdäki festiwalda mälim etdi. Onuň sözlerine görä, Braýan O'Konneriň keşbi ilkinji görkezilişi 2027-nji ýylyň aprelinde çykmagy meýilleşdirilýän jemleýji filmde gaýdyp geler...

17.03.2025 18:36
7.1k+

“Forsaž 7-däki” Jeýson Stethemiň baggisi 40 750 dollara satyldy

“Forsaž 7” filminden belli bolan “Fast Attack” baggisiniň täze eýesi peýda boldy. Jeýson Stethemiň süren ulagy Bring a Trailer portalynda geçirilen auksionda 40 750 dollara satyldy. “Ýörite surata düşüriş üçin...

06.02.2025 12:14
7.9k+

“Forsaž” kinofranşizasynyň ýyldyzlary doňdurmanyň mahabatynda surata düşdüler

“Forsažyň” ýyldyzlary ýaryş ýollaryny asuda doňdurma iýmek bilen çalyşdylar. Win Dizel, Mişel Rodrigez we Ludakris Amerikanyň Häagen-Dazs brendiniň doňdurmasyny mahabat etmek üçin ýaryşlar dessanyndaky keşplerinden...