Owganystanyň Merkezi banky bank hasaplaryndan aýlyk haklaryny çykarmakda goýlan çägi ýatyrdy

  • 14.04.2022 19:27
  • 25k+

Owganystanyň Merkezi banky fiziki şahslar bank hasaplaryndan aýlyk haklaryny çekenlerinde girizilen çäkleri ýatyrdy, çäkler 2021-nji ýylyň awgustynda girizilipdi. Bu barada çarşenbe güni ugrukdyryjynyň metbugat sekretary Sabir Momand mälim etdi.

«Owganystanyň Merkezi banky, bank we maliýe ulgamyny täzeçe guramagyň strategik meýilnamasyna laýyklykda, döwlete degişli we döwlete degişli däl gullukçylaryň aýlyk haklaryna (çykarmakda) goýlan çäkleri aýyrdy» — diýip, Owganystanyň Ariana News teleýaýlymy Momandyň sözlerini getirýär. Işgärleriň agzalan toparlary öz aýlyklaryny hiç hili çäklendirmesiz çekip bilerler, banklar bolsa pul serişdelerini olaryň islegine görä, saklamazdan berer.

Teleýaýlymyň habar berşi ýaly, «Taliban» hereketi tarapyndan döredilen wagtlaýyn hökümetde premýer-ministriň orunbasary wezipesine bellenen Abdul Ganiniň şu hepdede bank çäklendirmelerini gowşatmaga çagyryş bilen eden çykyşynyň yzysüre Owganystanyň Merkezi banky şeýle karara gelýär.


17.12.2025 11:58
6.4k+

Türkmenistan Owganystan boýunça Tähranda geçirilen maslahatlara gatnaşdy

Türkmenistan 14-nji dekabrda Tähranda Owganystan boýunça geçirilen ýokary derejeli sebit duşuşygyna gatnaşdy. Maslahatyň esasy maksady — ýurtdaky ýagdaýy kadalaşdyrmak üçin sebitara çemeleşmeleri utgaşdyrmakdan ybarat boldy...

13.11.2025 23:00
2.2k+

Türkmenistan Owganystan boýunça ÝB-Merkezi Aziýa dialogynyň mejlisine gatnaşdy

12-nji noýabrda Brýussel şäherinde Owganystan boýunça Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa dialogynyň ýedinji mejlisi geçirildi. Oňa Belgiýa Patyşalygyndaky Türkmenistanyň ilçisi Sapar Pälwanow, sebit ýurtlarynyň wekilleri we Ýewropa Bileleşiginiň institutlarynyň wekilleri gatnaşdylar...

07.11.2025 15:32
17k+

Türkmenistan Owganystanyň ýertitreme zerarly ejir çeken ilatyna ynsanperwerlik kömegini ugratdy

6-njy noýabrda Türkmenistan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan Owganystanyň ýertitreme zerarly ejir çeken ilatyna ynsanperwerlik kömegini ugratdy...

06.11.2025 12:38
6.4k+

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy owgan çagalaryna ynsanperwerlik kömegini ugradar

5-nji noýabrda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisinde Owganystana ynsanperwerlik kömegini ugratmak barada bellenip geçildi...