Owganystanyň Merkezi banky bank hasaplaryndan aýlyk haklaryny çykarmakda goýlan çägi ýatyrdy

  • 14.04.2022 19:27
  • 24k+

Owganystanyň Merkezi banky fiziki şahslar bank hasaplaryndan aýlyk haklaryny çekenlerinde girizilen çäkleri ýatyrdy, çäkler 2021-nji ýylyň awgustynda girizilipdi. Bu barada çarşenbe güni ugrukdyryjynyň metbugat sekretary Sabir Momand mälim etdi.

«Owganystanyň Merkezi banky, bank we maliýe ulgamyny täzeçe guramagyň strategik meýilnamasyna laýyklykda, döwlete degişli we döwlete degişli däl gullukçylaryň aýlyk haklaryna (çykarmakda) goýlan çäkleri aýyrdy» — diýip, Owganystanyň Ariana News teleýaýlymy Momandyň sözlerini getirýär. Işgärleriň agzalan toparlary öz aýlyklaryny hiç hili çäklendirmesiz çekip bilerler, banklar bolsa pul serişdelerini olaryň islegine görä, saklamazdan berer.

Teleýaýlymyň habar berşi ýaly, «Taliban» hereketi tarapyndan döredilen wagtlaýyn hökümetde premýer-ministriň orunbasary wezipesine bellenen Abdul Ganiniň şu hepdede bank çäklendirmelerini gowşatmaga çagyryş bilen eden çykyşynyň yzysüre Owganystanyň Merkezi banky şeýle karara gelýär.


25.10.2025 12:11
9.3k+

Türkmenistan 2027-nji ýylyň başynda TOPH boýunça Owganystana gaz iberip başlamagy meýilleşdirýär

Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi boýunça Owganystana türkmen gazyny 2027-nji ýylyň başynda iberip başlamak meýilleşdirilýär. Bu barada TAPI Pipeline Company Limited kompaniýasynyň baş direktory Muhammetmyrat Amanow «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» halkara maslahatynda eden çykyşynda aýtdy...

22.10.2025 13:30
11k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystanda ýertitremeden zyýan çekenlere hemaýat bermek boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy

21-nji oktýabrda Arkadag şäherine saparynyň barşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystanda ýertitreme zerarly jaýsyz galan raýatlaryň hemaýata mätäçligi sebäpli haýyş bilen ýüzlenendiklerini belledi...

21.10.2025 06:38
17k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Hyratda Owganystanyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy

20-nji oktýabrda Owganystana saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Abdul Gani Baradar bilen duşuşdy...

20.10.2025 20:41
16k+

Gurbanguly Berdimuhamedow TOPH taslamasyny goldaýandygy üçin Donald Trampa minnetdarlyk bildirdi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçiriji taslamasyny ilkinji bolup goldan döwletleriň biridigini belledi...