Türkmen telekeçileri daşary ýurtly kompaniýalar bilen bahasy 145 milliondan gowrak şertnamany baglaşdylar

  • 13.04.2022 05:52
  • 12k+

12-nji aprelde Aşgabatda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygy mynasybetli açylan sergide ýerli kärhanalaryň we daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň arasynda söwda boýunça ikitaraplaýyn şertnamalaryň baglaşylmagy onuň esasy häsiýetli aýratynlygy boldy.

Şunda ýurdumyzyň hususy önüm öndürijileriniň daşary ýurt kompaniýalary bilen umumy bahasy ABŞ-nyň 145 million 398 müň 770 dollaryna barabar bolan 63 şertnamany baglaşandygyny bellemek gerek. Şolardan 16-sy bahasy 3 million 247 müň 441 ABŞ-nyň dollaryna barabar bolan eksport şertnamasydyr. 47-si bolsa bahasy ABŞ-nyň 142 million 151 müň 329 dollaryna barabar bolan import şertnamasydyr.

Şunuň bilen birlikde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň umumy bahasy 36 million 174 müň 933 manada barabar bolan özara içerki söwda boýunça şertnamalaryň 51-sini baglaşandygyny bellemek möhümdir. Olar, esasan, dürli azyk önümleriniň we önümçilikde ulanylýan serişdeleriň söwdasyna degişlidir. Munuň özi serginiň köptaraplaýyn häsiýete eýedigini görkezýär.


28.06.2025 00:45
12k+

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň rektory we prorektorlary bellenildi

27-nji iýunda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetine ýolbaşçylary bellemek bilen bagly resminamalara gol çekdi. Hususan-da, Hydyrguly...

27.06.2025 23:53
14k+

Türkmenistanda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti döredildi

Prezident Serdar Berdimuhamedow "Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetini döretmek hakynda" Permana gol çekdi. Döwlet Baştutany degişli resminama 27-nji iýunda Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi. Bu resminama ýokary bilimli işgärleri taýýarlamakda, gaýtadan taýýarlamakda we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakda telekeçilik we işewürlik ulgamyna goldaw bermek maksady bilen kabul edildi...

18.03.2025 12:50
5.4k+

Aşgabatda "Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar" halkara forumy işläp başlady

Şu gün, 18-nji martda «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň hususy pudagyna maýa goýumlary çekmäge gönükdirilen «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» (IFT-2025) atly halkara forum öz işine başlady. Forum Türkmenistanyň...

17.03.2025 07:46
2.6k+

Aşgabatda telekeçileriň sergisi we maýa goýumlar boýunça halkara forum öz işine başlaýar

Şu gün, 17-nji martda Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli sergi hem-de «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly...