SpaceX Halkara kosmos stansiýasyna diňe syýahatçylardan ybarat ilkinji ekipažyny ýollady

  • 09.04.2022 16:28
  • 7.7k+

Ilon Maskyň SpaceX kompaniýasy Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) diňe kosmos syýahatçylaryndan ybarat ilkinji ekipažyny ýollady.

Crew Dragon kosmos gämisinde Falcon 9 raketasy Floridada Kanaweral burnunda ýerleşen kosmodromdan bat aldy. Ekipažyň düzümine ABŞ-ly telekeçi Larri Konnor, ysraýylly işewür Eýtan Stibbe we kanadaly maýa goýumçy Mark Peti girýär. Korablyň serkerdesi NASA-nyň öňki astronawty we Axiom kompaniýasynyň wise-prezidenti Maýkl Lopes-Allegriadyr.
Raketa-göterijiniň birinji basgançagy goýberilenden on minut soň awtomatik usulda Atlantik ummanyndaky ýüzýän palatforma gondy.  Crew Dragon älem giňişligine çykdy.
Ozal SpaceX kosmos syýahatçylaryny älem giňişligine ugradýardy we HKS-na astronawtlary eltýärdi. Ekipaž stansiýada sekiz gün bolar we barlaglara gatnaşar.
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna görä, Konnor, Stibbe we Peti uçuş üçin $55mln töläpdirler. Nyrh resmi taýdan mälim edilenok.


25.06.2025 11:59
7.1k+

SpaceX adaty ýükler bilen birlikde, kosmosa adamlaryň we haýwanlaryň galyndylaryny hem çykardy

23-nji iýunda Kaliforniýanyň (ABŞ) Wandenberg kosmodromyndan SpaceX kompaniýasynyň Falcon 9 raketasy uçuryldy. Bu sapar raketa dürli sargytçylaryň 70 sany adaty ýükünden başga-da, adaty bolmadyk ýüki – adamlar bilen öý haýwanlarynyň külünden we DNK-syndan ybarat 150 kapsulany hem orbita çykardy...

02.06.2025 17:48
3.9k+

Mask Telegram-yň bäsdeşini – XChat messenjerini hödürledi

Ilon Mask täze nesil XChat messenjeriniň işe girizilendigini habar berdi. Programma Telegram we WhatsApp ýaly meşhur platformalaryň ornuny tutup biljek messenjer hökmünde görkezilýär. Täze messenjeriň beta-wersiýasy eýýäm tölegli ýazylyşyk bilen X sosial ulgamynyň käbir ulanyjylary üçin elýeterli boldy...

29.05.2025 15:48
2.5k+

Durow: Telegram-da Ilon Maskyň Grok çat-boty peýda bolar

Pawel Durowyň «Telegram» messenjeri bilen Ilon Maskyň «xAI» atly startapy «Grok» çat-botuny ýaýratmak maksady bilen, bir ýyllyk hyzmatdaşlyga geldiler. Bu barada messenjeriň esaslandyryjysy Pawel Durow «X» sosial torunda habar berdi...

09.05.2025 12:24
1.1k+

Grok çat-boty indi doly derejeli PDF resminamalaryny döredip bilýär

Ilon Maskyň xAI kompaniýasy özüniň Grok çat-botuna tekstli, suratly we tablisaly PDF döretmek mümkinçiligini goşdy. Täze gunksiýa käbir ulanyjylar üçin eýýäm elýeterlidir. Ozal Grok diňe tablisalary we faýllary okamagy goldaýardy, ýöne olary özbaşdak döredip bilmeýärdi...