Türkmenistanyň Prezidenti we Halk Maslahatynyň Başlygy Žirinowskiniň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti we Halk Maslahatynyň Başlygy Žirinowskiniň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirdi

6-njy aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine Russiýanyň Liberal-demokratik partiýasynyň başlygy Wladimir Wolfowiç Žirinowskiniň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny ýolladylar.

«Ol tanymal syýasatçy we döwlet işgäridi. Özüniň uzak we görnükli syýasy ýolunda türkmen-rus gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, halklarymyzyň köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň we dostlugynyň berkidilmegine mynasyp goşant goşdy» diýip, döwlet Baştutany belledi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem, öz gezeginde, Wladimir Wolfowiçiň türkmen halkynyň hakyky dosty bolmak bilen, türkmen-rus gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly goşant goşandygyny nygtap, merhumyň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny beýan etdi.

Ýeri gelende bellesek, 6-njy aprelde RF-niň Döwlet Dumasynyň spikeri Wýaçeslaw Wolodin Russiýa Federasiýasynyň Liberal-demokratik partiýasynyň başlygy Wladimir Žirinowskiniň uzak wagtlap dowam eden keselden soň, ömrüniň 76-njy ýylynda aradan çykandygyny habar berdi. Wladimir Wolfowiç türkmen halkynyň hem ýakyn dosty hasaplanýar. Şoňa görä-de, oňa 2017-nji ýylyň aprelinde Türkmenistanda amala aşyran saparynyň çäklerinde «Hormatly il ýaşulusy» diýen at hem berlipdi.