Hamzat Çimaýew UFC-niň taryhynda özboluşly üstünlik gazandy

  • 05.04.2022 05:45
  • 20k+

MMA by the Numbers garyşyk stiliň (MMA) şwesiýaly söweşijisi Hamzat Çimaýewiň özboluşly üstünligini ýüze çykardy. Bu barada gazeta.ru salgylanyp, Day.Az habar berýär.

Çimaýew Absolýut söweş çempionatynda (UFC) dört söweşde 112 urgy urdy we diňe birini sypdyrdy. Bu UFC-niň taryhynda iň gowy görkezijidir. Bu görkeziji boýunça ikinji orny ABŞ-dan Mett Hýus eýeleýär. Ilkinji dört söweşde ol 11,3 urgy urdy we diňe birini geçirdi. Üçünji orunda amerikaly Fil Dewis (11-1) ýerleşýär. 
Zenanlaryň arasynda iň gowy netije Tatýana Suarese degişli (6,6-1). 
10-njy aprelde ABŞ-nyň Jeksonwill şäherinde UFC 273 turniri geçiriler we onda Hamzat Çimaýew Gilbert Býorns bilen söweşer. Şeýle-de, bu agşam russiýaly Pýotr Ýan Aljameýn Sterlinge garşy rewanş geçirer. 
Ýan 2021-nji ýylyň mart aýynda Sterling bilen duşuşdy we diskwalifikasiýa sebäpli çempion guşagyny aldyrdy. Dördünji raundda ol amerikaly söweşijä garşy gadagan edilen urgyny ulandy, netijede ol ýeňlip, tituldan mahrum edildi. 


düýn 23:43
2.1k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

24.06.2026 18:18
4.8k+

UFC Drikus dýu Plessi bilen Kamaru Usmanyň duşuşygyny yglan etdi

UFC-niň orta agram derejesindäki öňki çempiony Drikus dýu Plessi guramanyň ýarym orta agram derejesindäki öňki çempiony Kamaru Usman bilen urşar. Promouşeniň habar bermegine görä, bu tutluşyk 19-njy iýulda......

22.06.2026 14:40
4.6k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
9.2k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......