Türkmen parlamentarileri Almatyda GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň geňeşiniň mejlisine gatnaşdylar

  • 30.03.2022 09:26
  • 9.1k+

28-29-njy martda Türkmenistanyň parlament wekiliýetiniň agzalary Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň geňeşiniň dabaraly mejlisine gatnaşdylar. Wekiliýetiň düzüminde Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa hem-de Halk Maslahatyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew bar.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa dabaraly mejlisde çykyş edip, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň parlamentarileriň özara gatnaşyklary üçin esasy meýdança bolup durýandygyny, sebitde parahatçylygy we hoşniýetliligi pugtalandyrmakda, Arkalaşygyň döwletleriniň kanunlaryny sazlaşdyrmakda möhüm çäreleri üpjün edýändigini aýratyn nygtady. Şeýle-de mejlisiň açylyş dabarasynda Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň çykyşy diňlenildi.

Türkmenistanyň parlament wekiliýetiniň ýolbaşçylary Almaty şäherine saparynyň çäklerinde Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň senatorlar palatasynyň spikeri Maulen Aşimbaýew bilen hem gepleşikleri geçirdiler.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň geňeşiniň indiki mejlisi şu ýylyň güýzünde Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçiriler.


şu gün 19:38
1.7k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

şu gün 19:26
792

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

düýn 20:55
2.7k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......