TMCARS: «Orazalaryňyz kabul bolsun!»

TMCARS: «Orazalaryňyz kabul bolsun!»

Külli musulman dünýäsi üçin mukaddes bolan Oraza aýynyň başlanmagyna sanlyja günler galdy. 2022-nji ýylyň 1-nji aprelinde Günüň ýaşmagy bilen sahawatyň, halallygyň we haýyrly işleriň aýy başlanýar.

Oraza aýynda ir ertirden tä Gün batýança iýip-içmekden saklanyp, agyz beklenilýär, gep-gybatdan daşda durulýar, gijelerine ybadat, haýyrly amallar edilýär. Bu aýda agzaçar sadakalary berilýär.
Türkmenistanda Orazanyň ilkinji güni 2-nji aprele, soňky güni bolsa — 1-nji maýa gabat gelýär. Gadyr gijesi 27-nji aprelden 28-njy aprele geçilýän gijä düşýär. Baýram namazy 2-nji maýda okalar.
Şu salgydan Oraza aýynyň Aşgabat şäheri we Ahal welaýaty, Balkan, Lebap, Mary we Daşoguz welaýatlary üçin agyz beklenýän we agyz açylýan wagtlarynyň senenamasyny ýükläp alyp bilersiňiz.
TmCars-yň adyndan ähli musulman doganlarymyza bu mukaddes aýda eden doga dilegleriňiziň, tutjak orazalaryňyzyň kabul bolmagyny arzuw edýäris!